Watanyň goragy mukaddesdir. Mukaddeslikleriň goragy bolsa, çem gelene ynanylmaýar. Taryha ser salsak, serhet goragy gahryman pederlerimiz tarapyndan ygtybarly amala aşyrylypdyr, şol bir wagtda bolsa serhet goragy başarjaň, hüşgär, akyl-paýhasly, edermen, diňe saýlama goç-ýigitlere ynanylypdyr.
Serhet goragy mukaddes borç. Mukaddesligi bolsa diňe Watanyň wepaly ogullaryna ynanylýar. Bu günki gün ata-babalarymyzyň merdanalyk, gahrymançylyk ruhunda terbiýelenýän serhetçiler Watan serhediniň goragynda mertlik hem batyrlyk görkezýärler.
Borja ýokary derejede düşünmegiň, ýurda ak ýürekli hyzmat etmegiň gadyry bilinýän häzirki bagtyýarlyk zamanamyzda halkyň hem Watanyň goragynda bolmak, Garaşsyz döwletimiziň halkara abraýyna goşant goşmak biziň ählimiz üçin uly mertebedir, çäksiz ynamdyr. Mertebeli bolmak we halkyň ynamyny ödäp ýaşamak bolsa bagtyň iň tämizidir.
Watan, watançylyk, mertlik, dostluk hakynda halkymyzyň köp asyrlyk taryhynda, halk döredijiliginde, edebiýatymyzda beýik-beýik şahsyýetler: döwlet işgärleri, akyldarlar, serkerdeler, şahyrlar tarapyndan köp aýdylypdyr. Olaryň her biri bu düşünjelere öz döwrüniň garaýşyna görä baha beripdirler. Mysal üçin Beýik Magtymguly Pragy mertlik hakynda:
—Mert çykar myhmana güler ýüz bilen,
Namart özün gizlär myhman ýoluksa — diýen bolsa,
Seýitnazar Seýdi Watan hakynda:
—Watan üçin çykdym gyrat üstüne,
Tä janym çykýança, dönmenem begler! — diýipdir.
Watan gullugy—uly borç. Bir zady gaýta-gaýta nygtasym gelýär: Watanda hemme zat jemlenýär: Watan biziň öýümiz, ene-atamyz, uýalarymyz, doganlarymyz, çagalarymyz, ezizlerimiz, ýaşaýşymyz, aýdymlarymyz, kalbymyz, saglygymyz, ... Garaz ol biziň hemme zadymyz.
Watanymyzy goramak diýen düşünjä her bir türkmen gerçegi öz Watanyny, öz obasyny, ene-atasyny, söwer ýaryny, mähriban çagajyklaryny, ezizlerini goraýan diýip düşünmeli.
Watan, goragy ömrüň manysy. Şonuň üçinem ol mukaddes. Watanyň üstüne howp abananda, onuň abraýyna çirk ýetiriljek bolunanda janyny bermäne taýyn adamlar hakyky mertlerdir. Watan serhedini goramak diňe mynasyplara ynanylýar. Eger saňa Watan serhedini goramak ynanylan bolsa onda sen buýsanmaly, guwanmaly hem gözüň göreji ýaly goramaly.
Adamyň Watana bolan söýgüsi enä bolan söýgüsi ýaly mukaddesdir. Siziň kalbyňyzda döreýän watançylyk duýgusy, Watan düşünjesine akyl ýetirmekden hem ony kämilleşdirmekden ybaratdyr.
Halkyň gahrymançylykly eposy bolan «Görogly» şa dessanynda akyldar atasy Jygalybeg serdar:
— Ýalňyz balam, algyn pendim,
Ýurduňy terk ediji bolma—diýip, ýalňyz ogluna pent edýär. Watanyňy söýmekligiň, ony goramaklygyň—hemme zadyňy söýmek, hemme zadyňy goramak, Watan üçin gara başyňy goýmak borjuňy duýmalydygy baradaky düşünjäni aňyna guýýar.
Elbetde bu günki günde Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde durmuşa geçirilýän döwrebap harby özgertmeleriniň çäklerinde sehet goşunlarynyň hatarynda täze serhet birikmeler, harby bölümler, serhet galalar gurulyp ulanmaga berilýär. Şol döwrebap serhet galalarda sport bilen meşgullanmaga, medeniýetli dynç almaga gulluk etmäge zerur bolan ähli mümkinçilikler, şertler döredilen. Serhet galalarda dürli ugurlar boýunça hünärmenler bolup, olar gulluk atlaryna, gulluk itlerine, döwrebap harby tehnikalara we ýaraglara ussatlyk bilen erk edip, Ata-Watanymyzyň döwlet serhediniň goragyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.