logo

Latest news:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Home / Society /Watan gahrymanlarynyň şanyna
  06.05.2021
652
Watan gahrymanlarynyň şanyna

     1941— 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli şu günler Ahal welaýatynda giň gerim alan baýramçylyk dabaralary we duşuşyklary Watan gerçeklerine goýulýan çäksiz sylag-sarpany alamatlandyrýar. Uruş weteranlaryna, urşuň yzynda galyp, bu gün mukaddes ýar ojagyny saklap oturan enelere we tylda zähmet çeken ildeşlerimize baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylmagy şanly senäniň hormatyna ýaýbaňlandyrylan dabaralara baý many çaýýar.

      Änew şäherindäki Medeniýet öýünde geçirilen dabara welaýat derejesindäki baýramçylyk çäreleriniň üstüni ýetirdi. Urşuň yzynda ýar ojagyny saklap oturan eneler we tylda zähmet çeken ildeşlerimiz baýramçylyk dabarasynyň arzyly myhmanlary boldular.

     Dabara baýramçylyk gutlag çykyşlary bilen başlandy.  Çykyşlarda  Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli gutlaglar beýan edildi, berkarar Watanymyzda  uruş weteranlaryna, urşuň yzynda galyp, ýar ojagyny saklap oturan, şeýle-de tylda zähmet çeken ak saçly enelere goýulýan bimöçber sylag-sarpa dogrusynda gürrüň edildi.

      Watan gahrymanlarynyň sarpasyny belende göterýändigi, uruş weteranlaryny aýratyn üns-alada bilen gurşandygy üçin döwlet Baştutanymyzyň adyna aýdylan hoşallyk sözleri sözleri dabara gatnaşyjylaryň diliniň senasyna öwrüldi. Dabarada urşuň yzynda galyp, ýar ojagyny saklap oturan, şeýle-de tylda zähmet çeken ak saçly enelere, beýleki ildeşlerimize gymmat bahaly sowgatlarynyň gowşurylmagy göwün göteriji duýgulary peşgeş berdi.

     Dabaranyň dowamynda welaýatyň tanymal aýdym-saz, tans-halk döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan joşgunly sungat çykyşlarynda Watan gerçekleriniň waspy belenden ýetirilip, ol ýere ýygnananlaryň kalbyny heýjana getirdi.