Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦ ✦ "ICT Start-up: durnukly ösüş üçin innowasiýa tehnologiýalary" atly bäsleşik geçirildi ✦ ✦ YHG-niň birinji ministrler forumy geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan bilen Günorta Koreýanyň hyzmatdaşlygy giňelýär ✦ ✦ III Halkara açyk informatika internet olimpiadasy üstünlikli geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan bilen ÝUNFPA ýaşlar syýasatyny maslahatlaşdy ✦ ✦ Mekdep kitaphanalarynyň işi kämilleşdirilýär ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Wagyz-nesihat maslahaty geçirildi
  12.09.2022
439
Wagyz-nesihat maslahaty geçirildi

Ýakynda Kaka etrap Medeniýet öýünde Ahal welaýat häkimliginiň tassyklan iş meýilnamasy esasynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly mynasybetli “Buýsanç bilen Watanymyzyň belent ösüşlerine tarap!” atly wagyz ündew maslahaty geçirildi. Maslahata Sarahs, Babadaýhan, Kaka, Tejen etrap we Tejen şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalarda, bilim ulgamynda, oba Geňeşliklerinde zähmet çekýän işgärler, zenanlar bölümleriniň başlyklary, il-sylagly ýaşulular, kümüş saçly mährem eneler gatnaşdylar.

 

 

Dabaraly geçen maslahatda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy A.Durdyýewa, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň Hukuk üpjünçilik bölüminiň uly prokurory J.Arazowa, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň enjamlara tehniki taýdan hyzmat edýän hünärmeni H.Handurdyýewa, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Aşgabat şäher döwlet edarasynyň hukuk maslahatçysy N.Amanowa, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Metbugat merkeziniň müdiri R.Salamatow, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekili Ş.Silabow, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Merkezi bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň ýetginjekler lukmany G.Orazowa, Tejen etrabynyň Garaşsyzlyk Geňeşliginiň ýaşaýjysy, mährem ene G.Aşyrberdiýewa dagylar çykyş etdiler.

 

 

Çykyşlarda Döwlet Baştutanymyzyň her bir raýatyň bähbidine gönükdirilen “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi esasynda Diýarymyzda beýik işleriň alnyp barylýandygy, bu işleriň zenanlaryň durmuşynda aýdyň şöhlelenýändigini, Zenanlar milli däp-dessurlarymyzy aýap saklamakda, milli medeniýetimizi ösdürmekde, nesilleri terbiýelemekde uly güýç bolup durýandygyny, türkmen halkynyň milli-mirasa belent sarpa goýup, maşgala ojagyny mukaddes saýýandygyna eýerip, ýurdumyzda maşgala gymmatlyklaryny, maşgala agzybirligini berkitmek, jebisligini we maşgala medeniýetini ýokarlandyrmak şeýle hem çagalaryň doly maşgalada terbiýelenmeklerini üpjün etmek we ýaşlaryň ýaramaz endiklerden daşda durup, bidüzgünçiliklere ýol bermeli däldigi barada giňişleýin belläp geçdiler. Maslahatyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzy ösdürmekde alyp barýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

 

Maral  AKYÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesiniň esasy hünärmeni.