Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ✦ ✦ Banklarda maliýe hasabaty we onuň seljermesi ✦ ✦ Tebigatyň şypaly gymmatlygy ✦ ✦ Daýhan baýasa, ýurt baýar ✦ ✦ Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy ✦ ✦ Ýaşlar — geljegi gurujylar ✦ ✦ Çaga terbiýelemek her bir parasatly ynsanyň Watan öňündäki mukaddes borjudyr ✦ ✦ Çagalar baglarynda sanly ulgamyň ähmiýeti ✦ ✦ Bagtyýar çagalaryň bakja-bagy ✦ ✦ Ilon Mask: bir sagatdan az wagtyň içinde dünýäniň islendik nokadyna ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Uzak ýaşaň Arkadag! - Toýly Jänädow
  29.06.2024
291
Uzak ýaşaň Arkadag! - Toýly Jänädow

Türkmene ömürlik arkadag bolup,

Uzak ýaşaň, uzak ýaşaň Arkadag!

Nesil dowamata howandar bolup,

Uzak ýaşaň, uzak ýaşaň Arkadag!

 

Kämil pendiň döwrümize ýörelge,

Geljek nesle, ömrümize ýörelge,

Her bir işde bolup bize görelde,

Uzak ýaşaň, uzak ýaşaň Arkadag!

 

Mukaddes Watany keramat saýyp,

Pähim-paýhas bilen kalba dür çaýyp,

Beýik ösüşlerimiz dünýäge ýaýyp,

Uzak ýaşaň, uzak ýaşaň Arkadag!

 

Göge galyp göwünleriň göçgüni,

Toýlanýar Arkadag şäherniň güni,

Buýsanja besleýip köňül köşgümi,

Uzak ýaşaň, uzak ýaşaň Arkadag!

 

Milli Liderimiz Watan daýanjy,

Arkadagly Serdar köňül buýsanjy,

Berkarar döwletiň, halkyň guwanjy,

Uzak ýaşaň, uzak ýaşaň Arkadag!

 

Toýly Jänädow,
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň
Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy.