logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Health /Uzak ýaşamagyň syry
  09.06.2023
2812
Uzak ýaşamagyň syry

Geljekde adam näçe ýyl ýaşar? 100 ýa-da 150 ýyl?  

Häzirki wagtda 100 ýaşdan geçýän adamlar bar. Emma olaryň sany gaty az. Alymlar dünýä inenleriň ýarysynyň 100 ýaşa çenli ýaşajakdygyna ynanýarlar. 

Adam näme üçin garraýar? Saklamak ýa-da iň bolmanda bu prosesi haýallatmak mümkinmi? 

Çal saçlar we seýrek dişler garramagyň alamatydyr. Ondan daşlaşmagyň mümkin däldigini hemmeler bilýär.

Rezuşka - bu ösümlik birnäçe hepde ýaşaýar. Ýöne ondan iki gen aýrylsa bu otjumak ösümlik birnäçe ýyllap ýaşap biler we ullakan gyrymsy agaja öwrüler. Belki  rezuşkanyň millionlarça ýyl ozal ösüşi düýpgöter üýtgeşik bolup, belli bir wagt garrylyk genlerine eýe bolan bolmagy mümkin. Bulardan netije çykaryp, Fizika-himiýa, biologiýa gözleg institutynyň müdiri A.N.Belozirskiý «Ölüm ewolýusiýa arkaly oýlanyp tapyldy» diýip belläp geçýär.

Rus biohimigi Skulaçew garrylyk syrynyň bir bölegini çözen bolmagy mümkin. Öýjüklerdäki energiýa stansiýalary bolan mitohondriýany öwrenip, näme üçin ýaşyň ulalmagy bilen kislorodly erkin radikallaryň näme üçin ýygnanýandygy bilen gyzyklandy. «Günde adam 40 litr kislorod sarp edýär, 0,4litr kislorod zähere öwrülýär we daşary çykarylýar. Muňa tebigat çydap bilmez» diýip Skulaçew belläp geçýär.

Bir organizm näçe ir ölse, täze nesle şonça-da ýol açar. Muňa «Biohimiki janyňa kast etmek» diýip atlandyryp bolýar. Emma Skulaçew bu prosese duruzyp biljek bir madda tapdy. Oňa Skulaçewiň ionlary diýip at berildi. Bu ion ilkinji gezek Moskwa uniwersitetiniň barlaghanalarynda sintez edildi. Ol erkin radikallary zyýansyzlandyryp, mitohondriýa ýörite antioksidantlary berip biler. Skulaçewiň ionlaryna esaslanýan taýýarlyklar eýýäm dermanhanalarda satylýar. Ol geljekde «Garrylyk tabletkasy» hökmünde ulanyp bilner. Ýöne ol üçin has köp synag gerek. Bu ionlar dünýädäki bütin alymlary gyzyklandyrýar we bütin dünýäde öwrenilýär. Bu ionlar bilen 150-den gowrak haýwanlarda synag geçirildi. «Bu haýwanlaryň hemmesi garramagy haýallatmagyň yzygiderli alamatlaryny görkezýär» diýip weterinariýa hassahanasynyň müdiri Piter Britton belläp geçýär.  Orta hasap bilen synag geçirilen haýwanlaryň ýaşlyk döwri iki esse artdy.

Düýbi Moskwada ýerleşýän kompaniýa beloklarda garramagyň syryny tapmak üçin ullakan biobanklary we çylşyrymly hasaplamalary ulanýar. Haýwan synaglary bu usulyň hem täsirli bolup biljekdigini tassyklady. Meselem adamyň garramagyny ýokarlandyrmak üçin ganyndan beloklary aýyrmak ýeterlikdir.

 

Maýsa  HALLYÝEWA, 

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň 
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň 
Anesteziologiýa we reanimatologiýa 
kafedrasynyň mugallymy