logo

Latest news:
✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦ ✦ Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň binýatlyk esaslary ✦ ✦ Bagşy Döwletgeldi Ökdirow ✦ ✦ Seulda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Buharestde ýylyň şygaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi ✦ ✦ TDYDI-de Startup bäsleşigi geçirildi ✦
Home / Society /Üns beriň, döredijilik bäsleşigi!
  23.11.2022
1005
Üns beriň, döredijilik bäsleşigi!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gözel künjekleriniň, tebigy we medeni ýadygärliklerimiziň tarypyny ýetirmek, ajaýyp syýahatçylyk zolaklaryny dünýä ýaýmak maksady bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de «Diýar» žurnalynyň bilelikde guramagynda «Diýarda» Diýaryň waspy» atly döredijilik bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY
 

 

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz gözel syýahatçylyk zolaklary, medeni gymmatlyklary hem ajaýyplyklary bilen meşhurdyr. Bäsleşik ýurdumyzyň gözel ýerlerini, taryhy we medeni ýadygärliklerini, paýtagtymyzyň we welaýat merkezleriniň gül görküne görk goşýan dürli maksatly binalardyr desgalaryň, medeni dynç alyş zolaklaryň çeper waspyny giň okyjylar köpçüligine ýaýmak maksady bilen geçirilýär. Bu ugurda geçirilýän bäsleşikler žurnalistleriň, döredijilik işgärleriniň döredijilik ylhamyny artdyrmaga ýardam berýär. 

Bäsleşigiň şertleri 

— Bäsleşige gatnaşyjylar Diýarymyzyň gözel künjekleriniň waspyny ýetirýän öz publisistik makaladyr oçerklerini, hekaýadyr goşgularyny (suraty bilen) bäsleşige hödürläp biler. Bäsleşige hödürlenjek eserler türkmen, rus, iňlis dillerinde ýazylyp bilner.

— Bäsleşige gatnaşyjylar iberýän eseriniň ýanyna özi hakyndaky maglumaty (işleýän we ýaşaýan ýeri, doglan ýyly, hünäri, telefon belgisi) goşmalydyrlar.

— Eserler kompýuterde ýyglyp, iki nusgada we elektron görnüşinde (Times New Roman 14 şrifti, 1,5 setirara) şu salga ýollanylmalydyr: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly- 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany, «Diýar» žurnalynyň redaksiýasy. Elektron salgymyz: diyar-zurnaly@online.tm 

— Bäsleşigiň guramaçylyk işlerini Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi we «Diýar» žurnalynyň redaksiýasy bilelikde ýerine ýetirýärler. 

Bäsleşigiň jemini jemlemek 

— Bäsleşige hödürlenýän eserler «Diýar» žurnalynyň we saýtynyň sahypalarynda çap ediler.

— Eminler topary tarapyndan bäsleşige gelen oçerkler, publisistik makalalar hem-de hekaýadyr goşgular aýratynlykda serediler we ýeňijiler kesgitleniler.

— Bäsleşige hödürlenýän eserler 2023-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli kabul ediler we sentýabr aýynyň ikinji ongünliginde jemi jemlener. «Diýarda» Diýaryň waspy» atly döredijilik bäsleşiginde ýeňiji bolanlar şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli dabaraly ýagdaýda bäsleşigi gurnaýjylar tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanylar.

— «Diýarda» Diýaryň waspy» atly döredijilik bäsleşiginiň eminler topary:

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärler bölüminiň esasy hünärmeni O.Gaşlakowa;

Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň kafedra müdiri S.Janmämmedowa;

«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň terjimeçisi D.Tekäýewa;

Türkmenistanyň Daşary işleri ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallymy A.Nazarowa;

«Diýar» žurnalynyň bölüm redaktory A.Hemidow. 

 

«Diýar» žurnalynyň redaksiýasy,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi.

Habarlaşmak üçin:
«Diýar» žurnalynyň redaksiýasy — 39-95-30, 39-95-22, 39-96-13