logo

Latest news:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Home / Society /Turşulyk oty
  02.02.2022
856
Turşulyk oty

Ösümlik dünýäsi ilkinji «Tebigy dermanhana» bolanlygy üçin biziň ata-babalarymyz olardan melhemlik tapypdyrlar. Gyrymsy agaçlaryň, otlaryň tebigy işläp çykarýan dürli peýdaly maddalaryny ulanyp janlaryna melhem tapypdyrlar. Şol melhemlik ösümlikleriň biri hökmünde hem turşulyk dermanlyk otydyr.

Turşulyk dermanlyk oty ynsan saglygyny bejermekde, ir wagtlardan bäri ulanylyp gelinýär. Turşulyk oty turşymytyl köp ýyllyk dermanlyk ösümlik bolup, onuň boýy 30-60 sm. ýetýär. Turşulyk dermanlyk oty aprel maý aýlarynda gülleýär, onuň miweleri gyzyl üçburçja bolup çyglylygy gowy görýän ösümlik bolup esasan hem çygly tokaýlarda, çygly çemenlikleriň arasynda we gyrymsy agaçlaryň arasynda köp ösüp ýetişýän ösümlik hasaplanylýar. Bu dermanlyk ösmligi örän şireli bolany üçi ony emeli emeli ýyladyş arkaly guradylýar. Şypaly ösümlik hökümünde halk arasynda birnäçe maksatlar üçin ulanylýar. Bu otynyň ynsan saglygyny bejermekde dermanlyk aýratynlyklary bolup, düwürtik, bagyr kesseleri aşgazan keselleri, iç geçme, bokurdok agyry, üsgülewik, bronha kesellerini bejermekde halk lukmançylygynda giňden ulanlyýar. Turşulyk  dermanlyk otynyň düzüminde kaliý, oksalat kislotasy, flawon glikozid we «C» witaminlerine baý ösümlik hasaplanylýar. Şeýle hem ynsan saglygy üçin ençeme peýdasy bolan turşulyk otyny ýerliksiz peýdalanylan halatynda, adam üçin zyýanly hem bolup bilýändigini bellemek gerek.

Sebäbi turşulyk derman otyny gadymy döwürlerde we häzirki döwürde halk lukmançylygynda has-da giňden ulanylyp, ynsan saglygyny bejermekde hem-de tebipçilkde  giňden ulanylýar.