logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň Sarahs etrap şahamçasy kart hasaplaryňyzdaky pul serişdeleriňizi öz maşgala agzalaryňyz üçin amatly şertlerde ulanmagy hödürleýär
  24.08.2022
1078
Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň Sarahs etrap şahamçasy kart hasaplaryňyzdaky pul serişdeleriňizi öz maşgala agzalaryňyz üçin amatly şertlerde ulanmagy hödürleýär

Ýurdumyzda döwrebap bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak arkaly bank amallarynyň hilini kämilleşdirmek, halka edilýän hyzmatlaryň gerimini has-da giňeltmek we raýatlaryň pul serişdelerini öz maşgala agzalarynyň arasynda amatly şertlerde ulanmak üçin, ýyllyk 5 göterim möçberi bilen «Maşgala» bank karty atly bank hyzmaty ornaşdyryldy. Siz «Maşgala» bank kartynyň üsti bilen şu aşakdaky amatlyklardan peýdalanyp bilersiňiz:

 

 

— «Maşgala» atly bank kartyny almak üçin isleg bildirýän müşderileriň öz arzalary esasynda «Maşgala» bank karty açylýar. «Maşgala» bank kartynyň esasy çeşmesi müşderiniň «Altyn asyr» bank kart hasaby bolup durýar. Müşderiniň arzasyna laýyklykda ýa-da «Internet-bank» hyzmaty arkaly müşderiniň «Altyn asyr» bank kart hasabynyň çäginde «Maşgala» bank kartynyň hepdelik sarp ediljek pul mukdarynyň möçberini müşderi özbaşdak kesgitleýär.

 

 

— Müşderi «Maşgala» bank kartynyň üsti bilen ähli nagt däl hasaplaşyk töleglerini amala aşyryp, şeýle-de bankomatlardan nagt görnüşinde pul serişdelerini alyp biler.

 

 

«Maşgala» bank kartyny açmak üçin Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň Merkezi edarasyna we ähli şahamçalaryna ýüz tutup bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (800-134) 44-0-16, 44-0-17.