logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidentiniň prokurorlary wezipä bellemek we wezipesinden boşatmak hakynda degişli gol çeken resminamasy
  09.12.2022
1068
Türkmenistanyň Prezidentiniň prokurorlary wezipä bellemek we wezipesinden boşatmak hakynda degişli gol çeken resminamasy

«Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:

2-nji derejeli ýurist Ýakup Çarymyradowiç Çarymyradow Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi;

1-nji derejeli ýurist Nedirguly Orazgulyýewiç Allanazarow Ahal welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň prokurory wezipesinden boşadyldy;

ýustisiýanyň geňeşçisi Serdar Babajanowiç Çaryýew Balkan welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesine bellenildi;

ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Serdar Otuzowiç Hojamgulyýew Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň prokurory wezipesine bellenildi;

ýustisiýanyň geňeşçisi Döwran Aýdogdyýewiç Berdimyradow Daşoguz welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň prokurory wezipesinden boşadyldy;

1-nji derejeli ýurist Rahim Çaryýarowiç Çaryýew Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň prokurory wezipesine bellenildi;

2-nji derejeli ýurist Hangeldi Baýrammädowiç Mämiýew Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Maksat Hojamyradowiç Kulyýew Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň geňeşçisi Ruslan Geldimyradowiç Öwlýägulyýew Ahal welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy;

ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Atabeg Durdymyradowiç Golbaýew Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy. 

 

TDH.