logo

Latest news:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Home / Society /Türkmenistanyň Prezidenti, Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
  24.03.2022
1172
Türkmenistanyň Prezidenti, Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

24-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.  

Ir bilen Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň demirgazyk künjegindäki baýramçylyk dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary we köp sanly dabara gatnaşyjylar mähirli garşyladylar.

 

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Ç.Amanow hasabat berdi.

Dabaranyň geçirilýän ýerine barýarka, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ussat sazandalaryň şeýle-de IIM-niň harby gullukçylaryndan düzülen aýdym-saz toparlarynyň çykyşlaryna tomaşa etdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti täze ýaşaýyş jaý toplumynyň Dolandyryş binasynda mähriban atasy, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany, durmuş we zähmet ýoly, ýaş nesilleri, türkmen esgerlerini watansöýüjilik, ata Watanymyza, halkymyza birkemsiz gulluk etmek ruhunda terbiýelemekde nusgalyk görelde bolan Mälikguly Berdimuhamedowyň güberçek görnüşindäki heýkeline tagzym etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen täze ýaşaýyş jaý toplumynyň merkezi girelgesindäki toý bagyny kesdi.