logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty
  08.02.2022
632
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty

Şu ýylyň 11-nji fewralynda ýurdumyzda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň ähmiýetini ilata düşündirmek maksady bilen, häzirki günlerde welaýatymyzyň ähli ýerlerinde wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär. Şeýle wagyz-nesihat duşuşyklaryň biri hem  Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde geçirildi. Welaýat derejesindäki duşuşyk welaýat häkimligi, welaýatyň  jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralyp, oňa edara-kärhanalarynyň, guramalaryň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdy. Duşuşygy Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy Resul Işangulyýew açyp, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylyna gadam basyp bagtyýar türkmen halkynyň bu gün eşretli durmuşda ýaşaýandygy, netijeli we döredijilikli zähmet çekýändigi, berkarar Watanymyzyň okgunly ösüşlerine saldamly goşant goşýandygy barada guwanç bilen gürrüň berdi hem-de öňde duran jemgyýetçilik-syýasy çäräniň – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň ähmiýetine ünsi çekdi. Onuň aýdyşy ýaly, öňde duran umumy milli forumda berkarar Watanymyzy geljek 30 ýylda syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyna degişli beýleki wajyp meseleler jemgyýetçiligiň wekilleriniň gatnaşmagynda ara alnyp maslahatlaşylar. Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň hünärmeni, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Baýramsoltan Myradowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy Nurjahan Hojaýewa dagynyň çykyşlary hem täsirli boldy. Olar çykyşlarynda öňde boljak Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň gün tertibine giriziljek  meseleleriň ähmiýeti barada aýtmak bilen, eziz Diýarymyzda ýurt Garaşsyzlygynyň geçen 30 ýyldan gowrak döwrüniň içinde ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler dogrusynda buýsançly gürrüň edildi.