logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Kambojanyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi ✦ ✦ Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy bellenildi ✦ ✦ Ýeňiş güni mynasybetli weteranlar sylaglandy ✦ ✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦
Home / Economics /Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçirildi
  07.07.2025
622
Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçirildi

Düýn Türkiýäniň Stambul şäherinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň giň gerimli sergisi açyldy. Bu sergi Stambul Sergi Merkezinde geçirilip, Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde, türkmen-türk söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň hem-de işewür hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilendir. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň döwlet senalary ýaňlandy. Soňra geçirilen çykyşlarda iki ýurduň resmi wekilleri bu çäre bilen gutlap, onuň ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da berkitjekdigine ynam bildirdiler.

 

Çykyş edenler Türkmenistanyň we Türkiýäniň dürli ykdysady ugurlarda hyzmatdaşlyga uly üns berýändiklerini nygtadylar. Şeýle hem sergä ýurdumyzyň döwlet we hususy sektoryndan wekilleriň gatnaşmagynyň bu gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň aýdyň subutnamasydygy bellenildi.

 

Dabara gatnaşyjylar sergi bilen tanyşdylar. Onda Türkmenistanyň önüm öndürijileri tarapyndan eksport edilýän dürli görnüşli ýokary hilli harytlar – senagat we oba hojalyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary, gurluşyk serişdeleri, öý we elektronika enjamlary, hojalyk harytlary, dokma önümleri hem-de hyzmatlar görkezilýär.

 

Bu sergi hyzmatdaşlygy giňeltmek, täze ugurlary ýüze çykarmak, tejribe alyşmak we işewür gatnaşyklary ösdürmek üçin netijeli meýdança hökmünde hyzmat edýär. Şeýle-de ol türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň uzakmöhletleýin we durnukly häsiýete eýedigini görkezýär.

 

2–5-nji iýul aralygynda geçirilen bu sergä Türkmenistanda öndürilýän harytlaryň giň toplumy hödürlenip, milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda alnyp barylýan döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýa işleri, döwlet maksatnamalary we innowasion taslamalar pudaklaýyn diwarlyklar arkaly giňişleýin görkezildi.

 

Oguljan KURBANOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.