logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň güni
  18.05.2022
1417
Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň güni

  Garaşsyz, bitarap türkmenistan watanymyzyň özbaşdaklygynyň, jemgyýetimiziň mizemez agzybirliginiň we jebisliginiň nyşany bolan döwlet baýdagynyň gününi belleýär. Ähli halk baýramçylygyna bagyşlanan esasy çäreler paýtagtymyzda geçirilýär. Şanly senäniň öz mukaddesliklerine çuňňur sarpa goýýan halkymyz üçin örän uly ähmiýeti bar. Otuz ýylyň dowamynda ýurdumyz ýaşyl tugy astynda özüniň iň täze taryhyny döredýär, abadançylygyň hem-de ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe baryp, barha has ýokary sepgitlere ýetmek bilen, dünýäde garaşsyz ösüşiň täsin nusgasy bolan döwlet hökmünde berkarar bolýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe asuda asmanymyzda buýsanç bilen pasyrdaýan watanymyzyň ýaşyl tugy türkmenleriň döwletlilik barada asyrlardan  bäri edip gelen arzuwynyň hasyl bolmagydyr, watanymyzyň garaşsyzlygynyň hem-de özbaşdaklygynyň esaslarynyň mizemezdiginiň, jebis halkymyzyň parahatçylyk, döredijilik, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik maksatlaryna hemişe ygrarlydygynyň alamatydyr.
  Ýurdumyzyň ýaşyl tugy köpetdagyň eteginde öz ähli belentligi bilen ýaýlyp, hakyky watançylyk we watana bolan çäksiz söýgi, halkymyzyň beýik dörediji ruhy ýaly egsilmez gymmatlyklary alamatlandyrýar. Türkmenler öz baýdagyna hemişe aýawly garapdyrlar. Milli taryhymyzda çuňňur köklere eýe bolan mukaddes tug halkyň özygtyýarly, özbaşdak döwlet ösüşine, syýasy taýdan öz-özüňi kesgitlemäge hem-de öz durmuş- ykdysady nusgasyna bolan hukugyny alamatlandyrýar. Döwlet nyşany milli äheňleri hem-de ruhy gymmatlyklary umumadamzat gymmatlyklary bilen sazlaşykly utgaşdyryp, çuňňur mana eýedir we türkmenlere olaryň geljeginiň neneňsi ýagdaýda görünýändigini beýan edýär. Ýaşyl tugda türkmen halysynyň gölleri, doganlygy hem-de agzybirligi, täzelenişi we ýaşaýşy alamatlandyrýan bäş ýyldyz we ýarymaý ýerleşdirildi. Baýdak halkyň maksatlaryny hem-de garaýyşlaryny äşgär edip, türkmenistanlylarda milli buýsanjy terbiýelemäge, olary jebisleşdirmäge hem-de adam mümkinçiliklerini doly açmak üçin döredijilik güýjüne beslemäge gönükdirilendir. Bularyň amal edilmegi   bolsa üstünlik gazanylmagyna hem-de umumy milli maksatlara ýetilmegine atarýar. Bu gün ýurdumyzyň ynsanperwerlik we parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň keşbine öwrülen döwlet tugymyz birleşen milletler guramasynyň baş edarasynyň binasynyň öňünde hem- de beýleki iri halkara guramalarynda, dünýäniň ençeme döwletlerinde, şeýle hem türkmen şäherleriniň we obalarynyň ähli ýerlerinde buýsançly parlaýar.