logo

Soňky täzelikler:
✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦ ✦ «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze pomidor ýyladyşhanasy açyldy ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy
  01.09.2026
416
Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Wonjäniň duşuşygynda iki ýurduň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekde ösdüriljek ugurlary barada pikir alşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýty habar berdi.

 

Duşuşykda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda bilim ulgamynda häzirki güne çenli 20-ä golaý ylalaşygyň we Ähtnamanyň baglaşylandygy bellenildi. Şeýle hem sentýabr aýynda Seul şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» sammitiň çäklerinde täze resminamalaryň kabul edilmegine garaşylýandygy nygtaldy.

 

Söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzda koreý dilini öwretmek meselesine aýratyn ähmiýet berildi. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hereket edýän Patyşa Sejong adyndaky okuw merkezi, şeýle hem Innowasiýa we maglumat merkezindäki Maglumat elýeterliligi merkezi bilen baglanyşykly gazanylan halkara üstünlikleriň türkmen-koreý bilim gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini görkezýändigi bellenildi.

 

Iýul aýynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 6 talyby Kangwon milli uniwersitetinde, şol okuw jaýynyň 8 talyby bolsa Aşgabat şäherinde tomusky tejribelik okuwlaryny geçdiler. Şeýle hem täze okuw ýylynyň başlamagy bilen türkmen talyplarynyň ýene-de 3-si şol uniwersitete bir ýyllyk okuwa ugradyldy.

 

Duşuşykda geljek döwürde koreý dili boýunça mugallymlary çekmek, halkara bäsleşiklere bilelikde taýýarlyk görmek, ylmy makalalary çap etmek, sanly bilim ulgamynda tejribe we pikir alyşmak, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň maddy-tehniki binýadyny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmek meýilnamalary barada hem durlup geçildi.