logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Türkmenistanda internet-banking hyzmatyny ulanýanlaryň sany 1 mln-a golaýlap gelýär!
  26.01.2023
1194
Türkmenistanda internet-banking hyzmatyny ulanýanlaryň sany 1 mln-a golaýlap gelýär!

2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, Türkmenistanda internet-banking hyzmatyndan peýdalanýan ulanyjylaryň umumy sany 932,7 müňe ýetdi. Bu barada, Türkmenistanyň Merkezi banky mälim edýär.

Häzirki wagtda ýurt boýunça internet-banking hyzmatyna hasaba alnan ulanyjylaryň sany boýunça Mary welaýaty öňde barýar. Mary welaýatynda — 215,03 müň adam bu hyzmatdan netijeli peýdalanýar.

Ikinji ýerde Lebap welaýaty durýar — 210,3 müň ulanyjy. Aşgabat şäheri 190,02 müň ulanyjy bilen üçünji orny eýeleýär.

Internet-bankingden iň köp ulanyjy «Daýhanbank» bolup durýar. Häzirki wagtda bu bankyň internet-banking hyzmatyndan 346,7 müň adam peýdalanýar. Ikinji ýerde «Türkmenistan» banky durýar (294,4 müň), liderleriň üçlügini «Türkmenbaşy» banky jemleýär (166,1 müň).

Internet-bankinge baglanmak bilen, hasaplaryňy barlamaga, onlaýn-göçürme almaga, karzlaryň töleniş möhletini yzarlamaga, beýleki hasaplara serişdeleri geçirmäge we ş.m. mümkinçilik berýär.