logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Türkmenistan «Korkut ata» film festiwalyna gatnaşýar
  31.10.2022
1029
Türkmenistan «Korkut ata» film festiwalyna gatnaşýar

Ýene sanalgy günden dünýäniň ençeme ýurdundan kino we sunagat işgärlerini bir ýere jemleýän Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde türk dünýäsiniň meşhur «Korkut ata» film festiwaly geçiriler. Bu kino festiwalyna Türkmenistanyň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi hem meşhur filmler bilen gatnaşar.

Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan ýazgy edilen «Gyzyl kürte», «Istärin» hem-de «Dutaryň owazy» atly filmleri 1-5-nji noýabr aralygynda geçiriljek türk dünýäsiniň meşhur «Korkut ata» film festiwalynda tomaşaçylara hödürlener.

Film festiwalyna diňe bir ýurdumyzdan däl eýsem-de Türkiýeden, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Özbegistandan we başga-da birnäçe ýurtlardan filmler gatnaşar.

01.11.2022 senesinde – «Istärin» filmi Bursa şäherindäki «Zafer Plaza» kino salonynda, Bursa Uludag uniwersitetiniň Prof. Dr. Mete Jengiz adyndaky medeniýet merkezinde «Dutaryň owazy» filmleri görkeziler.

02.11.2022 senesinde – «Taýýare» medeniýet merkezinde «Istärin», «Merinos Atatürk» kongres medeniýet merkezinde «Gyzyl kürte» filmleri görkeziler.

03.11.2022 senesinde – Bursa Uludag uniwersitetiniň Prof. Dr. Mete Jengiz adyndaky medeniýet merkezinde «Dutaryň owazy» filmi hem-de «Merinos Atatürk» kongres medeniýet merkezinde «Gyzyl kürte» filmleri görkeziler.

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanly rezissýor Sahysalyh Baýramow türk dünýäsiniň meşhur «Korkut ata» film festiwalynyň eminler toparynda hem orun alýar.