logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Türkmenistan Halkara gatnawlaryny doly dikeltmegi meýilleşdirýär
  12.06.2022
1080
Türkmenistan Halkara gatnawlaryny doly dikeltmegi meýilleşdirýär

Türkmenistanyň Prezidentiniň 11-nji iýunda geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew ulag toplumynda howpsuzlyk derejeleriniň sanawyny we howpsuzlyk derejelerini yglan etmegiň tertibini taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti dünýäde koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň kadalaşýandygyny, köp ýurtlarda halkara gatnawlar üçin giňişligiň açylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewe ýakyn wagtda beýleki ýurtlar bilen halkara gatnawlary dikeltmek boýunça işleri geçirmegi we onuň netijeleri barada hasabat bermegi tabşyrdy.