logo

Latest news:
✦ Seulda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Buharestde ýylyň şygaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi ✦ ✦ TDYDI-de Startup bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Telekeçilik — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Ýaş telekeçiler ýurduň innowasion geljegi ✦ ✦ «Türk­me­nis­tan — Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi» işe­wür­lik mas­la­ha­ty geçirildi ✦ ✦ Türkmen tebigy gazynyň eksport mümkinçiligi artýar ✦ ✦ Emeli aňda täze döwür: OpenAI AGI ýolunda öňe gitýär ✦ ✦ Türkmen topary «Circus Sea Breeze» sirk toplumynda çykyş etdi ✦ ✦ Ugandanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşyk geçirildi ✦
Home / Economics /Türkmeniň asylly däpleri
  18.11.2020
1498
Türkmeniň asylly däpleri

    Halkymyzyň milli däp-dessurlarynyň iň ajaýyplarynyň biri-de myhmansöýüjilikdir. Türkmen myhmanyny diňe bir öýüniň däl, eýsem kalbynyň törüne hem geçirýär. Halkymyz öýüne gelen adama diňe bir myhmançylyk hormatyny etmän, oňa hossarlyk hormatyny hem saklaýar. Nusgawy edebiýatymyzda, halk döredijiliginde bu däp kämillik derejesine ýetirilipdir. Olarda türkmenleriň myhman kabul edişi, myhmana goýulýan hormat, edilýän hezzet, sarpa giňden teswirlenýär. Belli şahsyýetlerimiziň nesihatlarynda hem myhmansöýerlik meselesine aýratyn orun berilýär. Türkmen halk döredijiliginde “Myhman ataňdan uly”, “Myhmanyň öňünde aş goý, iki elini boş goý”, “Myhman rysky bilen geler” diýen ýaly parasatly jümleler bar.

Milli mirasymyzyň naýbaşy eserleri bolan “Gorkut ata”, “Görogly” şadessanlarynda bu tema giň orun berilýär. “Gorkut ata” şadessanynda “Myhman gelmedik öýüň ýykylany ýeg” diýilýär. “Görogly”şadessanynda myhmansöýüjilik däpleri şahyrana setirlerde çeper beýan edilýär. Türkmene mahsys bu ajaýyp häsiýet bilen bagly däp-dessurlar anyk suratlandyrylýar. Myhmany mal soýup, söwüşli garşylamak, olary sowgat-serpaýly ugratmak türkmenlerde ynsan mertebesini belende göterýän däpleriň biri hasaplanýar.Myhmana hormat etmek atadan ogla sargyt edilýär. Eger-de myhman atly bolsa, atyny tutup garşylamak we atynyň otuna-suwuna seretmek, myhmanyň eline suw akytmak ýaly dessurlaryň beýanyny şadessanyň şahalarynda görmek bolýar. Muňa “Göroglynyň döreýişi” şahasyndaky Jygalybegiň ýeke sygryny soýup, galandarlara hezzet etmegini mysal getirmek bolar.

Nusgawy edebiýatymyzda myhmanparazlyk temasynyň giňden işlenilmegi tötänlik däl, bu kanunalaýyklykdyr. Pederlerimiz ençeme menzil ýol söküp, biri-biri bilen didarlaşmak üçin myhmançylykda bolupdyrlar. Uzak ýoldan ýadap gelen myhmanlary hormat bilen kabul edip, olaryň dem-dynç almaklary, özlerini rahat duýmaklary üçin hemme şertler döredilipdir.

Milli däp-dessurlarymyzyň dabaralanýan döwründe halkymyzyň asyly däpleriniň biri bolan myhman kabul etmek we myhmançylykda bolmak däpleri dowam etdirilýär. Halkymyzyň arasynda bu däp bilen baglanşykly dürli yrymlar häzirki güne çenli saklanyp, il arasynda ýerne ýetirilýär. Ata-babalarymyz myhmana çaý-çörek äberilende, çäýnekden ilki guýlan käsäni özüne, ikinjisini muhmana uzadypdyrlar. Bu myhmanyň arkaýyn iýip-içmegi üçin edilipdir. Türkmençilikde gelen myhmanyň özi dil ýarmasa, gelenine üç gün geçýänçä, onuň näme üçin gelendigi soralmandyr. Şeýle hem myhman ugradylanda, onuň ýany bilen ýedi ýa dokuz ädime çenli bile ýöräpdirler. Bu yrym myhmanyň barjak ýerine sag-aman barmagy üçin ýagşy niýet bilen edilipdir.