logo

Latest news:
✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦ ✦ Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň binýatlyk esaslary ✦ ✦ Bagşy Döwletgeldi Ökdirow ✦ ✦ Seulda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Buharestde ýylyň şygaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi ✦ ✦ TDYDI-de Startup bäsleşigi geçirildi ✦
Home / Society /«Türkmengazüpjünçilik» birleşigi ilata şulary ýatladýar!
  02.11.2022
829
«Türkmengazüpjünçilik» birleşigi ilata şulary ýatladýar!

Ýurdumyzda alnyp barylýan parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde türkmen halkynyň maddy hal-ýagdaýy yzygiderli gowulandyrylýar. Şeýle eşretiň bir bölegi öýlerimizdäki rahatlyk hem-de ýylylykdyr. Ýylylygyň esasy çeşmesi gaz bolup durýar, çünki gaz iň amatly ýangyç hökmünde bireýýämden bäri durmuşymyza pugta ornaşdy. Ýöne gazyň örän howply bolup durýandygyny asla unutmak bolmaz. Şonuň üçin hem ony ulanan mahalyňyz örän seresap bolmaly, gazdan peýdalanmagyň howpsuzlyk düzgünleriniň sähelçe bozulan ýagdaýynda, diňe bir weýrançylyklara we ýitgilere däl, eýsem, adam pidalaryna hem duçar bolunýar. Hususan-da, şol düzgünleriň berjaý edilmezligi partlamalara, ýangynlara we ýanan gazdan emele gelen zäherli galyndylar bilen zäherlenmek ýaly hadysalara eltýär.

Gaz bilen baglanyşykly betbagtçylykly ýagdaýlaryň ýüze çykmazlygy üçin aşakdaky düzgünleri berjaý ediň:

- gaz enjamlaryny ulanmazdan ozal olaryň guratlygyny barlap görüň;
- gaz enjamynyň burmasyny (kranyny) açmazdan ozal ýakylgy otluçöpi ýa-da çakmagy oduň ýanýan ýerine (gorelkasyna) golaý eltiň;
- gaz enjamynyň howurpejinde ot ýakmazdan öňürti ony 2-3 minutlap ýelejirediň;
- gaz enjamlaryny ulanýan mahalyňyz penjireleri açyp goýuň;
- tüsseçykaryjysy bolan gaz enjamlaryny her gezek açan (işleden) mahalyňyz onuň tüsse çekişini barlaň. Munuň üçin ýakylan otluçöpi ýa-da çakmagy oduň ýanýan ýeriniň deşijegine golaý tutup görüň. Eger ýalyn telpejigiň (kolpagyň) aşagyna ýa-da oduň ýanýan ýerine tarap sorulsa, onda turbanyň dartyşy bar, eger ýalyn bir gapdala sowulýan bolsa, onda turbanyň tüsse çekişiniň ýok boldugy. Gaz bilen zäherlenmezlik üçin şonuň ýaly dartyşy bolmadyk gaz enjamlaryndan peýdalanmak gadagandyr.

Gaz enjamlaryny ulanýanlara şu aşakdakylar gadagan edilýär:

- işläp duran, ýagny ýanyp duran gaz enjamlaryny gözegçiliksiz galdyrmak;
- kiçi ýaşly çagalara gaz enjamlaryndan peýdalanmaga ýol bermek;
- jaýlary gazlaşdyrmak işlerini rugsatsyz özbaşdak geçirmek we gaz enjamlaryny gaýtadan oturtmak hem-de çalşyrmak;
- ýanýan oduň kömegi bilen gazyň syzýan ýerini gözlemek;
- jaýyň içini gyzdyrmak maksady bilen gaz plitalaryndan peýdalanmak.

Gazyň ysy peýda bolan mahalynda şu aşakdaky çäreleri geçirmeli:

- haýal etmän, gaz enjamlaryndan peýdalanmagy bes etmeli we gaz enjamlaryna gelýän hem-de gaz enjamlaryndaky burmalary (kranlary) ýapmaly;
- içerä şemal çaldyrmak üçin penjireleri we gapylary açmaly;
- elektrik enjamlaryny işletmeli däl, eger olar ozaldan işläp duran bolsa, olary öçürmeli hem däl;
- ot ýakmaly däl we çilim çekmeli däl;
- 04 belgili telefon boýunça gaz hojalyk edarasyna habar bermeli.