logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Türkmen ylmyny ösdürmegiň rowaçlanýan ýolunda
  24.03.2023
1041
Türkmen ylmyny ösdürmegiň rowaçlanýan ýolunda

Berkarar Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen ylmyny ösdürmek, döwlet tarapyndan goldaw bermek, geljegi uly ylmy barlaglary we ylmy-tehnologik işläp taýýarlamalary höweslendirmek babatdaky çäreler ýylsaýyn artýar. Ylmy barlaglaryň gerimini giňeltmek hem-de toplumlaýyn esasda geçirmek we onuň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Olaryň işine täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Ählumumy internet ulgamy we elektron kitaphanalar arkaly dünýäniň maglumat giňişligine aralaşmak işleri ýola goýulýar. Ýurdumyzyň ylmyny ösüşiň täze derejesine çykarmak, ylmy barlaglaryň we tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň möhüm meseleleriniň çözgüdine gönükdirmek möhüm wezipelerdir. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini we durmuş ulgamyny ösdürmegiň wajyp ugry hökmünde sanlylaşdyrmak meselelerine möhüm üns berilýär. Çünki ylymly ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir, türkmen halkynyň döwletlilik ýol-ýörelgesiniň mizemez mertebesi we baky dowamatydyr. Hut şonuň üçin hem täzeçil pikirlenip bilýän, giň dünýägaraýyşly we ýokary hünär başarnygy bolan ýaş hünärmenleri taýýarlamak täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ylym ulgamynyň öňünde durýan wajyp wezipelerdir. Ýaşlaryň ylmy açyşlary, senagat-innowasion tejribeleri, ylmy-inženerçilik garaýyşlary, maglumat-tehnologik barlaglary döwletimiziň kuwwatyny berkitmekde, aýratyn-da, ykdysadyýetimizde sanly düzümleri ösdürmekde ähmiýetlidir. Mundan başga-da, ýaşlar oba hojalygy, lukmançylyk, himiýa tehnologiýasy we azyk senagaty, molekulýar biologiýa, genetika, bioinženeriýa ýaly ugurlarda ylmy barlaglary geçirýärler. Şol bir wagtyň özünde ekologik meseleleri öwrenmek, milli emeli hemranyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary milli ylmyň täze ugurlarynyň biri hasaplanýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ykdysadyýeti, durmuş ulgamyny we ynsanperwer ugurlary sanlylaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Häzirki zaman kompýuter ulgamy, aragatnaşyk serişdeleri, elektron resminama dolanyşygy toplumlaýyn esasda ornaşdyrylýar. Bularyň ählisi bolsa, türkmen ylmyny ösdürmegiň rowaçlanýan ýolunda uly üstünliklere badalga, beýik ýeňişlere çelgi bolup hyzmat edýär. 

 

Arzuw ÝOLDAŞOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.