Bangkok şäherinde geçirilýän BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) 82-nji sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti esasy ara alyp maslahatlaşmalara işjeň gatnaşyp, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de häzirki döwrüň möhüm meselelerine garşy göreşmek boýunça öz garaýyşlaryny beýan etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär.
Sessiýanyň möhüm çäreleriniň biri SPEKA maksatnamasyna gatnaşyjy ýurtlaryň ministrler derejesindäki duşuşygy bolup, onuň netijesinde “Bilelikdäki beýannama” kabul edildi. Duşuşykda 2030-njy ýyla çenli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň maksatlary kesgitlenip, maksatnamanyň institusional ösüşine aýratyn üns berildi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy 2024–2025-nji ýyllar üçin iş meýilnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň iri infrastruktura taslamalaryny amala aşyrmaga şert döredendigini nygtady. Şeýle-de multimodal ulag ulgamyny ösdürmegiň, söwda amallaryny ýeňilleşdirmegiň we sanly çözgütleri ornaşdyrmagyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Türkmenistan SPEKA-nyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gaznasy arkaly maliýeleşdirilýän taslamalara işjeň gatnaşmaga taýýardygyny beýan etdi. Şeýle hem 2025-nji ýylda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde möhüm işleriň amala aşyrylandygy nygtaldy.
Sesssiýada çykyş eden türkmen wekili howa üýtgemegine garşy göreşmek we çölleşmegiň öňüni almak boýunça halkara başlangyçlaryň ähmiýetine ünsi çekdi. Ekologik howpsuzlygyň durnukly ösüşiň esasy şerti hökmünde çykyş edýändigi bellenip, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegiň zerurdygy görkezildi.
Türkmenistanyň teklibi hökmünde çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyç öňe sürüldi. Bu taslama daşky gurşawy goramak boýunça mümkinçilikleri birleşdirmäge we BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini durmuşa geçirmekde möhüm orun eýelär.
Bu çärelerde işjeň gatnaşmak Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlykdaky ornuny, häzirki döwrüň meselelerine jogapkärli çemeleşýändigini hem-de durnukly ösüşe gönükdirilen syýasatyny ýene-de bir gezek tassyklady.