Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanda CIET-2025 forumy geçiriler ✦ ✦ Ženewada bitaraplyk meselelerine bagyşlanan halkara forum geçirildi ✦ ✦ BMG-niň Baş Assambleýasy «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamany kabul etdi ✦ ✦ «Mahmyt Kaşgarlynyň Diwany lugat at-türk atly eserinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň orny» atly halkara ylmy maslahat geçirildi ✦ ✦ Daşkent şäherinde “Aşyk bolmuşam” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ Daşkentde “Magtymguly – dünýäniň akyldary we onuň pelsepesiniň häzirki döwürdäki ähmiýeti” atly maslahat geçirildi ✦ ✦ Himiýa boýunça halkara bäsleşikde türkmen talyplarynyň üstünligi ✦ ✦ Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I. Blinnikow adyndaky altyn medaly gowşuryldy ✦ ✦ Daşary ýurt dillerini öwretmekde innowasion tehnologiýalaryň orny ✦ ✦ Türkmenabatda täze himiýa toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Türkmen toýlary!
  10.01.2021
1935
Türkmen toýlary!

     Toýlar türkmen tebigatynyň, türkmen durmuşynyň bezegi bolup durýar. Türkmen halky toýlara, toý bilen baglanyşykly däp-dessurlara baý halkdyr. Türkmen durmuşyny üç ýagdaýda häsiýetlendirmek bolar. Onuň ilkinjisi türkmeniň toýly günleri, ikinjisi adaty durmuş günleri, üçünjisi ýasly-matamly güni. Bularyň her birine mahsus adatlar, däpler, dessurlar bolup, olar türkmeniň milliligini alamatlandyrýar. Olaryň içinde toý däp-dessurlaryna, toý edebine, märekede özüňi alyp barmaga aýratyn orun degişlidir. Ynsan dünýä inen gününden türkmençilikde toýlaryň başy başlanýar. Türkmen toýuny uludan tutýar. Ýygnan ähli hany-manyny toý gününde orta çykarýar. Şunuň bilen bagly «Gazananyň toýa ýarasyn!» diýen ýaly alkyşly aýtgylar türkmeniň toýundaky jomartlygynyň, sahylygynyň jarçysy bolup, şu günler hem ýaşap ýör. Türkmen gözelliginiň, türkmen ruhubelentliginiň, türkmen şahandazlygynyň, türkmen milliliginiň iň owadan sypatlary toý däp-dessurlarynda, edim-gylymlarynda, adatlarynda jemlenendir. Däp-dessurlaryň türkmen toýlaryny bezemek, gyzyklandyrmak, şagalaňyny artdyrmak bilen birlikde, çuň manyly terbiýeçilik ähmiýeti hem bardyr. Ýaş çagalaryň, uly gyzlaryň, nowjuwan ýigitleriň, ak saçly eneleriň we paýhasly ýaşulularyň deň derejede toý däp-dessurlaryna gatnaşmaklary çagalaryň toý edebiniň endiklerini ele almaklary we sazlaşykly, giň gözýetimli ösen şahsyýet bolup ýetişmekleri üçin uly terbiýe mekdebi bolup durýar. Halkymyzyň toý adatlary, däp-dessurlary, edim-gylymlary, toý edebiniň berjaý edilişi halkyň gojaman taryhynyň, paýhasly hakydasynyň we beýik ruhunyň syrlaryny açýan, apalanyp nesilden-nesle geçirilip gelinýän özboluşly, çuň manyly gözellik mekdebidir. Türkmenistanyň welaýatlarynda toý däp-dessurlarynyň ýerine ýetirilişiniň her biriniň özboluşly taryhynyň, aňladýan manysynyň we atlandyrylyşynyň bolmagy türkmen toýlarynyň öz gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýandygyny alamatlandyrýar. Milli pelsepeden, halallykdan we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alýan toý däp-dessurlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze mana eýe bolmak bilen, geçmişdäki däp-dessurlarymyzy has çeperleşdirmek, kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak taýdan has baýlaşdy. Türkmen toýlarynyň agzybirlikde, şatlykda, guramaçylykda geçmeginde toý edebine aýratyn orun degişlidir. Toý edebi aňladýan manysy boýunça, mazmunynyň çygry taýyndan toý-märekede, köpçülik ýerlerinde adamyň özüni medeniýetli alyp barşy bilen baglanyşykly bolup, onuň gowy gylyk-häsiýetleriniň, belent adamkärçiliginiň, sypaýylygynyň, hoşgylawlylygynyň, ula sylag, kiçä hormat goýmak ýaly edebiniň jemidir. Toý toýlanýan günde toýa gatnaşýanlaryň hersiniň öz orny bolup, olaryň toý edebini berjaý etmekleri zerurdyr. Öýlenýän ýigidiň dostlary, durmuşa çykýan gyzyň joralary, boýdaşlary, egindeşleri, toý tutýan hossar-garyndaşlary aýak üstünde dik durup hyzmat edip, ähli adatlary, däp-dessurlary ýerbe-ýer berjaý edip, toýy abraýly sowmaga çalyşýarlar. Toýa gelen myhmanlara arkaýyn dynç almaga mümkinçilik döredýärler. Toý edebi toý eýesi tarapyndan, märeke sowlandan soň toýda aýratyn hyzmat eden adamlary halatlamak, serpaýlamak we hezzetlemek bilen jemlenýär.