"Türkmenistan" saýtynyň habar bermegine görä, türkmen sportunyň taryhyna täze sahypa goşuldy: Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen 49-njy dünýä sambo çempionatynda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndaky 3-nji sport mekdebiniň tälimçisi, 26 ýaşly sport ussady Muminjan Arzikulow altyn medal gazandy.
ABŞ-nyň 311 000 dollarlyk baýrak gaznasy bilen geçirilen üç günlük bu uly ýaryş 80 ýurtdan 470 töweregi türgeni jemläp, erkekleriň we zenanlaryň arasynda sport we söweş sambosy boýunça 31 medal ugrunda bäsleşik geçirdi. Şeýle hem SVI-1 derejedäki ýaryş batyl türgenleriň arasynda guraldy.
Muminjan Arzikulow 71 kilograma çenli agram derejesinde söweş sambosy boýunça dünýä çempiony bolmak üçin 24 türgeniň arasynda bäsleşdi we finala ýetýän ýolda bäş ýeňiş gazandy. Ilkinji tapgyrda ol “Ýewropa-2024”-iň we “Dünýä Kubogy-2024”-iň ýeňijisi ukrainaly Andreý Kuçerenkony ýeňip, bäsleşige güýçli başlangyç berdi. Soňra 1/8 finalda özbegistanly Şerbek Hujamkulowy 11:1 hasabynda ýeňdi. Çärýek finalda bolsa 2022-nji ýyldaky Ýewropa çempiony we 2023-nji ýylda dünýä çempiony Stefan Župaruçini (Serbiýa) 5:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.
Ýarym finalda Muminjan gyrgyzystanly Zamirbekulu Kurmanbeki 3:1 hasabynda ýeňip, finala ýollandy. Finalda Halkara Sambo federasiýasynyň adyndan çykyş eden russiýaly Rolan Zinnatowy ýeňip, altyn medala mynasyp boldy.
Şeýle üstünlik 2021-nji ýylda Bişkekde geçirilen dünýä çempionatynda sport sambosy boýunça türkmenistanly Muhammet Kössekow tarapyndan gazanylypdy. Indi Muminjan Arzikulow türkmen wekilleriniň hataryna söweş sambosynda dünýä çempiony hökmünde goşuldy. Arzikulow sambo bilen 10 ýyldan gowrak wagt bäri meşgullanýar. Mundan ozal sport sambosy bilen meşgullanyp, geçen ýyl Gyrgyzystanda geçirilen dünýä çempionatynda bürünç medala eýe bolupdy. Gazagystandaky häzirki dünýä çempionatynda söweş sambosynda ilkinji gezek çykyş edip, dünýä çempiony diýen ada mynasyp boldy.
Muminjan Arzikulow öz işjeň sport başarnyklaryny Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Garlyk obasyndaky 5-nji sport mekdebinde sambo tälimçisi hökmünde geçirýän işleri bilen birleşdirýär. Bu üstünlik Türkmenistanda sporta bolan höwesi artdyrmak we halkara ýaryşlarda ýurduň abraýyny belende götermek ugrunda ähmiýetli bir ädim bolup durýar.
Mähriban Miriýewa,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyby.