Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzda ýokary derejeli sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijelerini berip, halkara derejede ykrar edilýär. Paýtagtymyzda 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşyň geçirilmegi hem ata Watanymyzyň sport abraýynyň nobatdaky gezek dabaralanmasydyr.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda ýaýbaňlandyrylýan 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşa gatnaşmak üçin dünýäniň ençeme ýurdundan wekiller — eminler, tälimçilerdir türgenler paýtagtymyza geldiler. Has takygy, halkara ýaryşa Özbegistandan alty, Birleşen Arap Emirliklerinden üç, Eýran Yslam Respublikasyndan, Täjigistandan we Malaýziýadan iki, Türkiýeden, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndan, Iordaniýadan, Hindistandan we Gazagystandan bir türgen gatnaşar. Biziň ýurdumyzdan bolsa ýaryşa gatnaşmak üçin ýaş tennisçileriň 42-si hasaba alyndy.
Ýeri gelende bellesek, geçen hepdäniň şenbe we ýekşenbe günlerinde halkara ýaryşyň saýlama duşuşyklary geçirilip, olarda öňe saýlanan türgenler esasy ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandylar. Halkara ýaryşyň maksatnamasynda oňa gatnaşyjy myhmanlar üçin baý medeni we syýahatçylyk meýilnamasy hem taýýarlanyldy. Myhmanlar türkmen paýtagtynda bolýan günlerinde şäheriň owadan ýerlerine baryp görerler.
Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirilýär. Ýurdumyzda kiçi ýaş derejesindäki halkara tennis ýaryşlaryny geçirmekde baý tejribe toplanyp, 2023-nji ýylda paýtagtymyzda tennis boýunça 12 ýaşly we ondan kiçi ýetginjek oglan-gyzlaryň arasyndaky Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynyň geçirilmegi tennisçileriň täze, gujurly nesliniň kemala gelýändiginiň, olaryň sport diplomatiýasynyň ösüşine mynasyp goşant goşýandyklarynyň aýdyň görkezijisine öwrüldi. Şu ýylda Halkara Tennis federasiýasynyň (HTF) prezidenti Dewid Haggertiniň we Aziýanyň Tennis federasiýasynyň (ATF) prezidenti Ýuriý Polskiniň ýurdumyza amala aşyran ilkinji saparlary bolsa Türkmenistanyň sport durmuşynda möhüm waka boldy.
Şu ýylyň 6-njy sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyz üçin örän uly abraýdyr. BMG-ä agza ýurtlaryň 87-si bu başlangyjy biragyzdan goldady. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Çözgüdine laýyklykda, şu ýyl Aşgabat şäheri «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edildi. Bu bolsa Garaşsyz Watanymyzda sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan işlere berlen ýokary bahadyr.
Nobatdaky iri sport ýaryşynda hem türgenlerimiz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň sport abraýyny belende galdyryp, watansöýüjiligiň hem-de ussatlygyň nusgasyny görkezerler.
Guwanç REJEPOW,
Tejen etrabynyň sport mekdebiniň müdiri.