logo

Latest news:
✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦ ✦ Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň binýatlyk esaslary ✦ ✦ Bagşy Döwletgeldi Ökdirow ✦ ✦ Seulda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Buharestde ýylyň şygaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi ✦ ✦ TDYDI-de Startup bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Telekeçilik — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Ýaş telekeçiler ýurduň innowasion geljegi ✦ ✦ «Türk­me­nis­tan — Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi» işe­wür­lik mas­la­ha­ty geçirildi ✦ ✦ Türkmen tebigy gazynyň eksport mümkinçiligi artýar ✦
Home / Society /Türkmen maşgalasynyň mukaddeslikleri we gymmatlyklary
  21.11.2023
1320
Türkmen maşgalasynyň mukaddeslikleri we gymmatlyklary

Türkmende maşgala mukaddes ojak, öý bolsa öwlüýa hasaplanýar. Türkmen halkynda är-aýalyň biri-birine wepalylygyna, maşgala gatnaşyklarynyň arassalygyna we berkligine uly üns berlipdir. Aýal-gyzjaryň abraýy we namysy örän belent tutulypdyr. Gyzlary kiçijikliginden ahlak päkligi ruhunda terbiýeläpdirler. Her bir türkmen gyzy on üç-on dört ýaşyndan başlap diňe ene atasynyň we doganlarynyň däl, goňşy-golamlarynyň hem, daş-ýakyn garyndaşlarynyň hem gözüniň astynda, garamagynda gezipdir. Adamlar ogly üçin gelinlik saýlanlarynda ilki bilen gyzlaryň, olaryň ene-atasynyň abraýyna, şol gyzyň önüp-ösen maşgalasyna üns beripdirler. Türkmen gyzynyň wepasy, maksady nika hem maşgala hasaplanypdyr. Gyz söýse, maşgala üçin we maşgala diýip söýüpdir. Şonuň üçin türkmende biziň günlerimizde hem gyza gyz maşgala diýilýär.

 


Türkmenlerde iň asylly däpleriň we ahlak sypatlaryň biri hem perzendiň ata-enäni hormatlamagydyr, olar barada alada etmegidir. Munuň özi perzendiň ene-atanyň önündäki mukaddes borjy diýlip hasaplanypdyr. Türkmen perzendi enesini käbe, atasyny kybla diýip hasaplapdyr. Türkmen maşgalalarynda ene-atanyň aýdany çagalar tarapyndan kada-kanun hökmünde kabul edilipdir. Kämillik ýaşyna ýeten, öýli-işikli bolan agalar ata-eneleriniň kömekçisi, daýanjy we penakäri bolupdyr. Garran ene-ata barada ak ýürekden alada etmek mukaddes borç saýylypdyr. Türkmenler perzent terbiýesine aýalyň göwresinde çaga galangününden başlapdyrlar.

 


Türkmençilikde göwreli aýaly aýratyn naharlar bilen naharlap, agyr hem ownukuşak zähmetden gorap saklapdyrlar. Türkmen maşgalasynda doganlyk edebiniň şertleri kagyza ýazylmadyk kanunlar hökmünde görlüpdir. Ata ýogalsa, aga ata ornunda galypdyr. Aga agalyk etmeli, ini inilik etmeli. Maşgalada we jemgyýetde aga inisine görelde bolmaly. Türkmenler nikany mukaddes hasaplaýar. Türkmenlerde nika aňsat-aňsat bozulmandyr. Sebäbi guda bolnanda ýigit tarap gyzyň, gyz tarap ýigidiň ýedi arkasyna, kowum-hyşdyna çenli öwrenipdir. Soň gudaçylyga gidilip, toý tutulyp, dabaralanyp, täze maşgala döredilipdir. Türkmende öýlenmek diýmek “öý” sözünden bolup, “täze öý dikmek” manyny aňladýar. Türkmenleriň maşgala toýlarynyň birnäçe görnüşleri, ýagny bäbek toýy, galpak toýy, diş toýy, sünnet toýy, tam toýy we durmuş toýy ýaly görnüşleri bar. Maşgala toýlary aý-ýyl hasaby bilen däl-de, keramatly hasaplanylan “sähetli” günlerde bellenilipdir. Toýda malyňy, jeňde janyňy aýamak türkmen düşünjesinde aýyp hasaplanypdyr. Türkmenlerde maşgalanyň nesil daragtynyň dowam etmekligi erkek adamlar arkaly kesgitlenipdir, sebäbi olar söweşiji esger hökmünde maşgalanyň we iliň daýanjy, goraýjysy hasaplanypdyr.

 

 

Aganazar ARNADURDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny
mehanizmleşdirmek fakultetiniň
3-nji ýyl talyby.