logo

Soňky täzelikler:
✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
  30.04.2026
1192
Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi

Söwda-senagat edarasynda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi. Onda iki ýurduň arasynda ykdysady, tehnologik we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Forum strategik gatnaşyklary täze derejä çykarmaga, bilelikdäki taslamalary ösdürmäge we täze ugurlary kesgitlemäge gönükdirildi. Çykyşlarda Hytaýyň Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygy, özara ynanyşmak we deňhukukly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylýandygy nygtaldy.

 

Maslahatlaryň dowamynda energetika, senagat, ulag-logistika, sanly ösüş we oba hojalygy ýaly möhüm pudaklarda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem «ýaşyl» energetika, emeli aň, “akylly” şäherler we logistika geçelgeleri boýunça täze mümkinçilikler bellenildi.

 

Taraplar forumyň iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde, täze taslamalary durmuşa geçirmekde we söwda dolanyşygyny giňeltmekde möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.

 

Kakageldi AKMYRADOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.