logo

Latest news:
✦ Ýeňiş güni mynasybetli weteranlar sylaglandy ✦ ✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦
Home / Culture /TÜRKMEN HALYSY — NEPISLIGIŇ NUSGASY
  07.03.2023
1065
TÜRKMEN HALYSY — NEPISLIGIŇ NUSGASY

Nepisligi hem gözelligi dünýä ykrar türkmen halysy zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň uz barmaklaryndan kemala gelen, yhlasy bilen sungat derejesine ýeten, mähir siňen deňsiz-taýsyz ajaýyplykdyr. Türkmen halysyna salynýan nagyşlar türkmeniň gözel tebigatyny, sähralaryň al-elwan güllerini, ýaşaýşyň gözbaşy bolan ähli gowulyklary şöhlelendirýär. Milletiň ruhy dünýäsini, medeniýetini özünde jemleýän türkmen halysy halkymyzyň milliligi hem ebedi gymmatlygy bolan beýik sungat eseridir. Gahryman Arkadagymyzyň «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat» atly ajaýyp eserlerinde hem türkmen halkymyzyň durmuşynyň haly bilen berk baglanyşykly bolandygy, haly we haly önümleriniň nepisligi we ýokary çeperçiligi dogrusynda ussatlyk bilen beýan edilýär. Rysgally ojaklarymyzyň bereketli törüni bezeýän halylara bolan belent buýsanç halkymyzda gadymdan gözbaş alýandyr. Türkmen gelin-gyzlary köňül arzuwlaryny, tebigatyň gözel keşbini, dagy-düzüni, türkmen sährasyny nagyşlaryň üsti bilen halylara siňdirmegi başarýan ussatlardyr. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, türkmen zenanlarynyň çeper elleriniň, uz barmaklarynyň gudraty bilen döredilen nepis halylarymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan ajaýyp sungat ýadygärligi hökmünde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen halylary hakynda iň ilkinji ýazuw çeşmesi XIII asyrda Gündogar Ýewropa, Aziýa syýahat eden italýan syýahatçysy Marko Pola degişli hasap edilýär. Ene-mamalarymyzyň yhlasyndan döräp, sungat derejesinde biziň günlerimize çenli gelip ýeten gadymy halylarymyz häzirki ajaýyp zamanada nesillerimiz üçin taryhy gymmatlyk, halyçylyk sungatynyň bolsa esasy binýady bolup hyzmat edýär. Merdana halkymyzyň ruhy hem-de maddy durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen türkmen halysynyň sarpasy belentde tutulýar. Munuň özi çeper elli halyçylarymyza, halyçylyk sungatyna ömürlerini bagyş eden ene-mamalarymyza goýulýan egsilmez sarpadan nyşandyr. 

 

Şirin RÖWŞENOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.