logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Society /Türkmen Alabaýy - milli buýsanjymyz
  27.10.2023
948
Türkmen Alabaýy - milli buýsanjymyz

Türkmen halky iti ýetişdirmek işinde-de ussatlyk görkezipdir. Ony özüniň aýrylmaz hemrasyna, ýakyn kömekçisine öwrüpdir. Bu ýakyn gatnaşyk türkmeniň dilinde-de öz beýanyny tapypdyr. Itiň häsiýetleri, eýesine wepalylygy barada nakyllaryň, durnukly söz düzümleriniň, ertekilerdir rowaýatlaryň, matallardyr tymsallaryň bir topary döredilipdir. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda şeýle nakyllaryň altmyşdan gowragy ýerleşdirilipdir. Olardan «It çopanyň goldaşy, ýalňyzlykda ýoldaşy», «Itiň agzy ala bolsa-da, möjek görende biriger», «Itim — gutum» ýaly nakyllary mysal getirmek bolar.

 

 

Alabaý itleriniň mesgen tutan ýerleri Türkmenistanyň gadymy oturymly ýerlerinde duş gelýär. Mysal üçin, arheologlar Ahal welaýatynda ýerleşen Jeýtunda biziň eýýamymyzdan ozalky IV müňýyllykda ýaşap geçen, uly kelleli hem-de kuwwatly äňli äpet itiň galyndylaryny ýüze çykarypdyrlar. Meşhur arheolog W.I.Sarianidi köpýyllyk ylmy barlaglaryň barşynda Marguşda biziň eýýamymyzdan ozalky III-II müňýyllyklardaky ýaly itleriň ýörite jaýlanan ýerleriniň köp sanlysynyň dünýäniň başga hiç ýerinde duş gelmeýändigi baradaky netijä gelipdir. Alabaýlaryň jaýlanan ýerleri hat-da Goňuryň patyşa gonamçylygynda hem ýüze çykarylypdyr. Şeýle mazarlaryň üsti başga ýerlerde-de açyldy.

 


Gadymy Marguş döwletiniň Ajyguýy diýen oturymly ýerinde Ligabuýe ylmy barlag merkeziniň ekspedisiýasy (Wenesiýa, Italiýa) professor G.Rossi-Osmidanyň ýolbaşçylygyndaky arheologiki gazuw-agtaryş işleriniň barşynda iri tohum itleriň galyndylary tapyldy. Polşanyň Adam Miskewiç adyndaky uniwersitetiniň radiokarbon barlaghanasynda geçirilen seljermäniň esasynda bu galyndylaryň biziň eýýamymyzdan ozalky 2400 – 2220-nji ýyllara degişlidigi anyklanyldy.

 


Sultanbaý Matýakubow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň
2-nji ýyl talyby.