logo

Latest news:
✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦
Home / Society /Türkmen alabaý itleri-türkmeniň buýsanjydyr!
  13.03.2021
1254
Türkmen alabaý itleri-türkmeniň buýsanjydyr!

    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ähli pudaklarda sazlaşykly ösüş gazanylmagynda döredilýän ähli mümkinçilikler bilen bir hatarda türkmen halkynyň gadymdan gelýän, gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan we umumadamzat gymmatlyklaryna öwrülen mukaddesliklerimiziň has-da şöhratlandyrylýanlygynyň ähmiýeti örän uludyr. Sebäbi türkmeniň adam ýaly syzýan ahalteke bedewleri, nepis halylary, datly gawunlary, şol sanda türkmen halkynyň özüniň wepaly dosty hasaplaýan alabaý itleri milletimiziň at abraýyny artdyryp gelipdir. Halkymyzyň döreden umumyadamzat derejeli gymmatlyklarynyň arasynda alabaýyň ady aýratyn orna degişlidir. Tebigatyna görä terbiýeläp ýetişdiren alabaý itiniň häsiýet aýratynlyklary dogrusynda il içinde ençeme rowaýatdyr tymsallar ýaşap ýör. Olaryň her birisiniň aňyrsynda hakykat ýokundylarynyň bardygy gürrüňsizdir. Halkymyzyň halk döredijiliginiň alabaý hakynda hekaýatlara baýdygynyň sebäbini müňýyllyklaryň dowamyndaky ysnyşyklar bilen subut edip bolar. Halkymyzyň uzak ýyllara çeken tejribe synagyndan geçen alabaýlar kanagatlylygy  bilen  hem  tapawutlanýar. Ol eýesinden birugsat hiç bir zada degmändir, gaýtam, howludyr çopan goşundaky islendik zady gorapdyr. Bu wepaly janawara degişli „Itim-gutum”, „Itim geldi–gutum geldi”, „It burnundan üşär”, „Itiň demi-süňkiň emi” diýen ajaýyp aýgytlar halkymyzyň alabaýa aýratyn üns berip, onuň bilen baglanyşykly pursatlaryň her birini içgin öwrenip, degerli netije çykarandyklarynyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen täze döredilen «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň hem alabaý itleriniň abraýyny has-da artdyrjakdygy gümansyzdyr. Bu assosiasiýa ilkinji nobatda Türkmenistanda bu ugurda alnyp barylýan işleri, tagallalary birleşdirmäge, ylmy esaslarda alyp barmaga, alabaýlaryň aňyrdan saklanyp gelýän ugurlaryny dowam etdirmäge, arassa ganlylygyny saklamaga we bu ugurdaky işleriň hemmesini kanunalaýyklykda alyp barmaga mümkinçilik berer. Türkmenistanyň çäklerinde Altyndepede, Goňurdepede, Nusaýda, Gadymy Merwden 60 kilometr uzaklykda ýerleşýän Daňdanakanda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan arheologik tapyndylar alabaýlaryň itleriň tohumlarynyň iň gadymylarynyň biridigini tassyklaýar. Bu taryhy maglumatlar halkymyzyň «Türkmen alabaýy» diýlen kitabynda «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň geljekdäki amala aşyrjak işleri, şeýle-de 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany hökmünde alabaýyň şekiliniň kabul edilmegi türkmen halkynyň bu mukaddesliginiň abraýyny dünýäde has-da artdyrýar. Bularyň hemmesi türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip gelen gymmatlyklaryna Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe uly sarpa goýulýandygyny we onuň has-da kämilleşdirilip, geljekki nesillerimize ýetirilmegine giň mümkinçilikleriň döredilýändigini aýdyň şaýadydyr.