Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagy raýatlaryň özüni alyp barmagynda käbir kadalary berjaý etmegi talap edýär. Gartaşan we dowamly keselleri bolan adamlara, kiçi ýaşly çagalara howanyň aşa gyzan mahalynda daşary gezelenje çykmak maslahat berilmeýär. Irden sagat 9.00-a çenli we öýlän howanyň salkynlaşan mahalynda 18.00-dan soň möwsüme görä geýinmek (açyk reňkli, nah matadan tikilen eşikleri), kellä Günüň şöhlesinden goranmak üçin başgap geýmek, ýaglyk daňynmak, saýawan götermek, gözleri goraýan gara äýnek dakynmak, arassa agyz suwuny ýanyňyz bilen almak maslahat berilýär.
Uzakdan gyzyp, derläp gelip, salkyn öýe gireniňizde çygly eşigiňizi çalyşmagy ýatdan çykarmaly däl, howa sowadyjynyň öňünde ýüzüňi, petekäňi we beýleki beden agzalaryňy tutup durmakdan, gyzyp gelip, sowadyjydan buz ýaly sowuk suwy içmekden, sowuk suwuň aşagyna girmekden saklanmaly.
Günüň dowamynda kadaly iýmitlenmeli, diňe bir gezek iýmek üçin taýynlanan däneli, kösükli iýmit önümlerinden gaýnadylyp, buglanyp bişirilen gyzgyn naharlary iýmeli. Iýmitde gök önümler we miweler agdyklyk etmeli, günüň dowamynda 2-2,5 litre çenli arassa agyz suwuny içmeli.
Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmeli, öýüň içinde we işde çygly arassalaýyş işlerini geçirip durmaly. Otagyň penjiresini wagtal-wagtal açyp, ýelejiredip, howasyny çalşyp durmaly.
Iýmit galyndylaryny, plastiki gaplary ýörite niýetlenen ýerlere taşlamaly. Bu häsiýetleri çagalarymyzda-da terbiýeläp, olara düzgünleri ýerine ýetirmegi endik etdirmeli.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.