logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Economics /TIF 2025 maýa goýum forumy geçiriler
  11.07.2025
1175
TIF 2025 maýa goýum forumy geçiriler

Türkmenistanyň Halkara Maýa Goýum Forumy (TIF 2025) we onuň çäklerindäki sergi 2025-nji ýylyň 18–19-njy sentýabrynda Aşgabatda, Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler. Bu forum daşary ýurtly maýadarlary, halkara maliýe guramalaryny we türkmen bazarynda iş alyp barmaga gyzyklanma bildirýän kompaniýalary bir ýere jemleýär. Bu barada Söwda-senagat edarasy habar berýär.

 

Forumyň maksady – Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerini giňden beýan etmek we daşary ýurt maýasyny çekmegiň netijeli ýollaryny ara alyp maslahatlaşmakdyr. Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar bilelikdäki we sebitleýin taslamalary amala aşyrmak, şeýle hem eksport mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça pikir alyşarlar. Mundan başga-da, sanly ykdysadyýete geçmek we bu ugurdaky sanly çözgütleriň ösdürilmegi aýratyn üns merkezinde bolar.

 

TIF 2025 sergisi bolsa senagat, oba hojalygy, energetika, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk ýaly esasy ykdysady ugurlarda gazanylan üstünlikleri görkezýän interaktiw giňişlik hökmünde çykyş eder. Myhmanlar türkmen kompaniýalarynyň önümleri we dürli pudaklarda ulanylýan öňdebaryjy tehnologiýalar, innowasiýalar bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar.

 

Şeýle forumlaryň öňkisi 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda guralypdy.

 

Aýlar BATYROWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.