logo

Latest news:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Home / Economics /Tekizleýiş işleri alnyp barylýar
  31.01.2021
704
Tekizleýiş işleri alnyp barylýar

       Gyşyň eýýäm ikinji aýy ahyrlap barýar. Öňde diňe bir gyşyň-a däl, tutuş ýylyň hem iň gysga aýy – fewral. Diýmek, daýhanlar özüni hem, ene ýeri hem täze ýylyň hasyly üçin tijäbermeli. Tejenli daýhanlary hut şeýle hem edýärler. Bu häzirki wagtda dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynda öndürilen oba hojalyk gurallary, meşhur matalda hem aýdylyşy ýaly, hakyt, “Ýeri çepbe çöwrüp barýar” diýen ata-babalarymyzyň aýdan pähimli sözlerinde-de, ýagyrnysy şemallan boz toprak hem ekiş möwsümine sabyrsyzlyk bilen garaşyp, ýazylyp, ýaýnaberýär.

         Bu günki-gün bu ugurda dünýäniň ösen döwletlerinden satyn alynýan, ýokary öndürijilikli kämil tehnikalary sürüm işleri bilen bir hatarda, ýeri tekizlemek işlerinde gije-gündiziň dowamynda işler güýçli depginde alnyp barylýar. Çüňki bereketli hasylda ýeriň eliň aýasy ýaly, tekiz bolmagynyň ähmiýeti uludyr.

     Bu işde etrap häkimligi tarapyndan ýörite meýilnama düzülip, etrabyň jemgyýetçilik guramalaryna hem aýratyn orun degişli bolup durýar. Olar her 10 güniň dowamynda mehanizatorlaryň arasynda guralan ýaryşyň jemleri jemleýärler we ýeňijileri iş üstünden sylaglaýarlar. Günortan arakesme wagtynda bolsa etrabyň medeniýet işgärleri tarapyndan zähmet adamlaryň armasy ýetirilýar.