logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Tejen şäherinde şaşka ýaryşy geçirildi
  03.08.2022
835
Tejen şäherinde şaşka ýaryşy geçirildi

Tejen şäherindäki 13-nji çagalar bagynda terbiýeçileriň arasynda şaşka ýaryşy geçirildi. Ýaryşa şäherdäki çagalar baglaryndan terbiýeçiler gatnaşdy.
Ýaryşy, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, welaýat Baş bilim müdirligi, welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi bilelikde gurady.
Gyzykly we guramaçylykly ýagdaýda geçen şaşka ýaryşynda şäherdäki 5-nji çagalar bagynyň topary birinji, 4-nji çagalar bagynyň topary ikinji, 9-njy çagalar bagynyň topary üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.