logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Saglyk /Tejen şäherinde «Saglygym — begligim» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
  24.08.2022
976
Tejen şäherinde «Saglygym — begligim» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Tejen şäherindäki ýöriteleşdirilen dikeldiş merkeziniň mejlisler jaýynda, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň şäher birleşmesiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda «Saglygym — begligim» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

 

 

Duşuşykda birnäçe täsirli çykyşlar edildi. Çykyşlarda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň abadan, asuda ýaşaýşyny üpjün etmäge, ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmäge gönükdirilen giň göwrümli maksatnamalaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, dünýä ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk merkezleriniň, şypahanalaryň gurlup, ulanylmaga berilýändigi, şonuň bilen baglylykda, berkarar Watanymyzyň sagdynlygyň, bagtyýarlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrülýändigi dogrusynda aýratyn bellenilip geçildi.