logo

Latest news:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Home / Economics /Tehnikalary ekiş möwsümine taýýarlanylýar
  18.01.2021
846
Tehnikalary ekiş möwsümine taýýarlanylýar

     Tejen etrap Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň işgärleri şu ýyl gowaça ekiljek ýerlerde, ekiş döwründe ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Bu ugurda möhüm agrotehniki çäreleri öz wagtynda, ýokary derejede geçirmek üçin häzirki wagtda kärhanada ekiş tehnikasyny, gurallaryny abatlamak, taýýarlyk hataryna çykarmak ugurynda uly işler geçirilýär.

       Etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasyna we daýhan birleşiklerine degişli bolan dürli görnüşdäki gurallar şu günler ýene-de bir gezek täzeden gözden geçirilýär. Bu kärhananyň işgärleriniň çekýän tutanýerli zähmeti netijesinde möwsümde işlediljek gowaça ekişi hem-de gowaçalaryň hatar aralaryny bejermekde ulanylýan gurallar, ýerleri ýumşatmakda ulanylýan baranalar düýpli abatlanyp, olaryň taýýarlyk hataryna çykarylýar. Munuň özi bolsa etrabyň çäginde oba hojalyk gurallaryny möwsüme birkemsiz taýýarlamaga şert döredýär. Kärhananyň işgärleri ekiş tehnikasynyň möwsüme taýýarlygyny hemişe üns merkezinde saklaýarlar.

     Şonuň ýaly-da, bu ugurda dünýäniň ösen döwletlerinden satyn alynýan, ýokary öndürijilikli kämil tehnikalarynyň, gowaça ekiji, bejergi hem-de beýleki guralarynyň tapgyrlaýyn gelip gowuşmagy, Tejenli daýhanlaryň oba hojalyk önümlerini öndürmekdäki işleriniň barha ilerlemegine ýardam berýär. Muňa bolsa etrabynyň pagtaçy kärendeçileri diýseň oňat düşünýärler. Daýhanyň arka daýanjyna öwürilen tehnikalara eýeçilik gözleri bilen seretýärler.