Türkmen topragyna bahar gelende ony görmäge göz gerek diýilýäni bolýar. Bahar pasly ene toprak janlanyp, ýaşyl begrese bürenip, gül-güläleklere beslenýär. Türkmen sährasyna älemgoşar ýaly dürli öwüşgin berip, parç bolup oturan ýaz otlarynyň arasynda adam bedenine güýç-kuwwat berýän tebigatyň ynsana eçilen nygmatlary bolan derman otlarynyň hem köpçülikleýin ösýän döwri başlanýar. Tebigatyň bütin durky ynsan göwnüni tämizlemek üçin niýetlenen ýaly.
Berkarar döwletimizde adam hakdaky alada jemgyýetimiziň ösüşinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Bagtly, manyly, jan saglygyň gadryny bilip, durmuşy söýüp ýaşamak ynsanyň tutuş ömrüniň manysyna öwrülýär. Bu dogrusynda Gahryman Arkadagymyzyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktary, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäniň onlarça diline terjime edilip, millionlarça okyjylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan ylmy-ensiklopedik köp jiltli eseri bolan – “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly meşhur ylmy kitaplarynyň ähmieti örän ulydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik kitaplarynda pederlerimiziň asyrlar boýy sünnäläp, türkmeniň milli gymmatlygyna öwrülen, halk lukmançylygynda ulanylýan dermanlyk ösümlikleri baradaky däp-dessurlaryny we dürli tärlerini ylmy esasda öwrenip, olaryň melhemlik häsiýetleri baradaky maglumatlary jemlenendir. Kitaplar ýokary çap ediliş usulynda neşir edilip ilkinji sahypalarynda Merkezi, Günorta-Günbatar Köpetdagyň jülgelerinde, derelerinde, türkmen sährasynda bitýän dermanlyk häsiýetli ösümlikleriň we türkmen tebigatynyň gözellikleriniň täsir galdyryjy suratlary bilen bezelendir.
Kitaplarda şypaly hazyna hasaplanylýan dermanlyk ösümlikleriň häsiýeti, ýaşaýyş aýratynlygy, ýaýrawy, tebigy gory, himiki düzümi, peýdalanylyşy we derman taýýarlanyşy hem ulanylyşy hakynda ylmy maglumatlar berilendir.
Dermanlyk ösümlikleriň türkmençe, latynça, we rusça sözlüginiň, melhemlikleriň, dürli kesellere garşy ulanmak üçin melhemlikleriň taýýarlanyşynyň, dermanlyk çig mallary ýygnamaklygyň senenamasynyň, ösümlikleriň farmakoterapewtik häsiýetlerini görkezijisiniň, dermanlyk ösümlikleri Türkmenistanyň şypahanalaryna ornaşdyrmagyň ylmy esaslarynyň,
Stomatologiýada peýdalanylýan Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleriniň atlarynyň, derman ösümlikleriň çig mallarynyň saklanyş möhletiniň, möwsümleýin ýokanç keselleriniň öňüni almakda haýyrly derman ösümlikleriniň atlarynyň elipbiý tertibinde ýerleşdirilmegi kitabyň ähmiýetini hasda artdyrýar. Peýdalanylan edebiýatlary jemleýän kitabyň soňky sahypalary gymmatly maglumatlar bilen üsti ýetirilendir. Çeper bezelen, maglumatlaryň anyk beýan edilişi Hormatly Prezidentimiziň bu kitaplaryny neşirýat sungatynyň belent gazananlarynyň derejesine çykarýar. Diňe bir saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine däl, giň okyjylar köpçüligine hödürlenen bu ajaýyp kitaplar ýurdumyzy ählitaraplaýyn ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak olaryň ömürlerine ömür goşmak barada hemişe alada edýändiginiň subutnamasydyr.
Bäherden etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri R. Ataýew