Berkarar Watanymyzyň bagtyýar raýatlary günsaýyn rowaçlanýan Diýarymyzda Täze – 2023-nji ýyly garşylaýar. Ýurdumyzyň ähli künjekleri baýramçylyk öwüşginlerine beslenýär, daş-töwerege ýalkym salyp oturan owadan hem bezemen arçalary synlanyňda, uly üstünliklere beslenen 2022-nji ýylyň hem tamamlanyp barýandygy hakyndaky pikirler seriňe dolýar. Üstünliklere beslenen 2022-nji ýyl türkmeniň adyny dünýä ýaýan, döwletimiziň şan-şöhratyny arşa göteren ýyllaryň biri boldy. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda halkymyza ösüşler, rowaçlyklar, üstünlikler ýar boldy. Bu ýylda ýetilen belent sepgitler, ösüşli menziller halkymyzyň bagtyýar durmuşynda, döwletimiziň dünýä derejesindäki artýan at-abraýynda özüniň mynasyp beýanyny tapdy, ähli ugurlar babatda amala aşyrylan beýik işler giň gerime eýe boldy. Bu beýik başlangyçlar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde durmuşa geçirilýän belent maksatlaryň ähmiýetini giňden wagyz etmekde, Watanymyzyň ösüşini düýpli ýokarlandyrmakda, nesilleriň kalbynda berkarar Watanymyza söýgi, buýsanç duýgularyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ak mermerli paýtagtymyz arçalaryň yşyklary, päkize garyň aklygy bilen has-da owadanlaşýar, adamlaryň ýüzüne üýtgeşik bir ýakym çaýylýar. Täze – 2023-nji ýylyň hem ýagşy niýetlere, belent maksatlara beslenjekdigine, Watanymyzyň il bähbitli beýik işler bilen şöhratlanjakdygyna mähriban halkymyzyň, biz ýaşlaryň ynamy diýseň uly. Çünki eziz Watanymyz Türkmenistan şan-şöhraty äleme dolan beýik işleriň amala aşyrylýan ýurdy hökmünde özüni dünýä tanatdy.
Täze ýyl baýramçylygy örän üýtgeşik, kalplary heýjana getirýän, ajaýyp maşgala baýramçylygydyr. Bu baýramçylyga her bir ynsan uly hyjuw, ýagşy umyt bilen garaşýar, birek-birege täze-täze üstünlikleri, ähli gowulyklary arzuwlap, ýagşy niýet bilen garşylanýar. Täze ýylda birek-biregi mähirli arzuwlar bilen gutlap, ýeneki ýyllary hem bilelikde garşylamak we gowy günlerde didarlaşmak dileg edilýär.
Ynha sanlyja günlerden Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda üstünlige, beýik ýeňişlere beslenýän bagtyýar günlerimizden ruhlanyp ýaşaýan mähriban halkymyz Täze ýyly garşylar. Goý, Täze ýyl her bir ynsanyň kalbynda beslän arzuwlaryny wysalyna ýetirsin. Täze ýyl jan saglygyň, üstünlikleriň, rysgal-bereketiň hem bolçulygyň ýyly bolsun!
Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda täze ýyly saglyk we şadyýanlyk bilen garşy almak nesip etsin. Mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun. Täze ýylyňyz gutly, mübärek bolsun!
Düşümli ýyl bolsun Täze ýylymyz,
Barha rowaçlansyn ýagty ýolumyz,
Ilimize üstünlikler ýar bolsun,
Täze ýylyňyz gutly, düşümli bolsun!
Merýem SOPYÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary
institutynyň 5-nji ýyl talyby.