logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Täze ýyl – päk arzuwlaryň baýramy
  14.12.2022
2964
Täze ýyl – päk arzuwlaryň baýramy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyzda şanly seneler, goşa-goşadan gelýän toýdur baýramlarymyz ýokary guramaçylykly ýagdaýda, uly şatlyk hem şowhun bilen bellenilip geçilýär. Şeýle baýramlaryň hatarynda päk arzuwlary, ýagşy umyt-arzuwlary dabaralandyrýan Täze ýyl baýramy hem özboluşly täsirliligi bilen tapawutlanýar. Mähriban halkymyz belent ösüşleri, rowaçly menzilleri nazarlap gelýän Täze – 2023-nji ýyly ýokary ruhubelentlikde, zähmet üstünlikleri, beýik ýeňişler bilen garşylaýar. Bu babatda ýurdumyzyň söwda merkezlerinde, ak bazarlarynda sowgatlyk harytlarynyň, azyk önümleriniň bolçulygy üpjün edilip, halk köpçüligine ýokary hilli baýramçylyk hyzmatlary ýola goýulýar. Bagtyýar halkymyz ýene-de sanlyja günlerden şan-şöhratly wakalary özünde jemlän, şatlyga we buýsanja beslenen 2022-nji ýyly arka atar. Türkmenistan ýurdumyzyň her bir ýyly ýaly, agzybir halkymyza ýatdan çykmajak bagtly pursatlary bagyş eden bu ýyl hem taryhyň sahypasynda mynasyp orun tutar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly ýatdan çykmajak şanly we taryhy wakalaryň ençemesini ýatlamaga, many-mazmuna baý sahypalary, möhüm sepgitli menzilleri ýadygär goýdy. Täze ýylda hem milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynyň barha kuwwatlanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylmagyna, ylym-bilim ulgamynyň kämilleşmegine goşant bolan başlangyçlar diýseň köp boldy.

Täze ýyl baýramy biziň ählimize egsilmez şatlyk duýgularyny paýlap, özboluşly däpleri, şagalaňy bilen gurşap alýar. Uly-kiçi ähli adamlaryň biri-birine ýurt parahatçylygyny, abatlygyny, il agzybirligini, ýagşy niýetleri arzuw etmegi, birek-birege baýramçylyk sowgatlaryny gowşurmagy bu baýramyň ähmiýetini artdyrýar. Halk arasynda «Täze ýyly nähili garşylasaň, ýylyň bütin dowamy hem şeýle bolýar» diýen aýtgy bu baýramçylygyň özboluşlylygyny häsiýetlendirýär. Ruhubelent halkymyzyň, şadyýan çagalarymyzyň, bagtyýar ýaşlarymyzyň ýüzlerindäki begenç hem guwanç duýgulary, olaryň abadan durmuşymyzy wasp edýän joşgunly aýdymdyr tanslary ýurdumyzyň asudalygyndan, ähli ynsanlaryň Täze ýyly şatlyk-şowhunly garşylaýandygyndan habar berýär.

Belent rowaçlyklara beslenjek Täze – 2023-nji ýylda okgunly ösüşleri maksat edinip, öňe batly gadam urýan eziz Watanymyza beýik işler, uly ýeňişler, şanly wakalar hemra bolsun. Ak arzuwlara beslenip geljek Täze ýyl her bir ynsanyň umyt-arzuwlaryny hasyl eýlesin, maşgala ojaklarymyz rysgal-döwletli bolsun! 

Halkymyza abadanlyk ýar bolsun,
Dilde aýdym, dessan, gazal, saz
bolsun!
Berkararlyk nury şöhrat-şan bolsun,
Täze ýyl düşümli, mübärek bolsun! 

 

Ogulmaýsa GARAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.