logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Science and Education /Täze Nusay galasy
  29.07.2022
1578
Täze Nusay galasy

       Ýagny, täze Nusaý galasyndan hem Parfiýa döwrüniň ýaşaýşyny we durmuşyny häsiýetlendirýän ençeme arhitektura desgalary we zatlary tapyldy. Gadymy şäheriň özi Täze Nusaý harabalyklarynda ýerleşýär. Şäheriň daşyna parfiýanlar döwründe inli gala diwary salnypdyr, olaryň gönüburçly goranyş diňleri bolupdyr. Günorta böleginde gala diwarlary bilen daşy aýlanan belent içki gala ýerleşýär. Içki galada bolsa diwanhanalar, döwletiň däne we şerap ambarlary, begzadalaryň ýaşaýan jaýlary ýerleşipdir.
    Begzadalaryň ýaşaýan mähelleleri köplenç hut şäheriň öz çäklerinde ýerleşipdir. Onuň demirgazyk-günbatar böleginde, gala diwarlarynyň ýakynynda dini merkezler ýerleşipdir. B.e.öň 3-2 asyrda bu ýerde owadan ybadathana salnypdyr, onuň daşy eýwanly sütünler bilen gurşalypdyr, b.e.öň 1 asyrda bolsa, bu ýerde uly gonamçylyklar emele gelip başlapdyr. Ilatyň gurpsyz gatlaklarynyň ýaşaýan jaýlary şäheriň demirgazyk bölegine gysylyp çykarylypdyr. Ol jaýlaryň diwarlary laýdan salnypdyr, jaýyň ýeri palçyk bilen şirelenip, oňa boýralar ýazylar eken. Nusaýyň giň şäher etegi bolupdyr, ol hem gala seňňeri bilen gurşalypdyr. Bu ýerde gul eýeleriniň mülkleri, baglary we üzümleri ýerleşipdir. 
    B.e. 226-njy ýylynda Arşakitleriň ýykylmagy Nusaýyň ykbalyna uly täsir etdi. Arşakitleriň mülkleri bolsa Eýranyň sasaniler döwletiniň eline geçdi. Agdarylan nesilşalyk bilen bagly zatlaryň ählisini nesiliň ýadyndan çykarmak maksady bilen, sasaniler parfýanlaryň köp asyrlaýyn sene ýazgylaryny ýok edipdirler. Arşakitleriň, Köne Nusaýyň-Mitridatokertiň urug merkezleri hem şeýle ýok edilmeklige sezewar bolupdyr. 
    Türkmenistanyň günorta böleginde, esasanam Köpetdag eteklerinde we Mary welaýatynda Parfiýa zamanasynyň köp şäherleri we obalary tapyldy. Olaryň birnäçesi has gijki döwürlerde ýaşalan medeni gatlaklaryň aşagynda galypdyr. Şeýlelik-de, XI asyryň başlarynda Nusaý Türkmen Seljuk döwletiniň düzümine girýär we iri şäherleriň birine öwrülýär.