logo

Latest news:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Home / Economics /TÄZE HASYLYŇ DÜÝBI TUTULÝAR
  22.12.2020
825
TÄZE HASYLYŇ DÜÝBI TUTULÝAR

      Tejen etrabynyň zähmetsöýer daýhanlary “Türkmenistan Bitaraplygyň mekany” diýlip atlandyrylan ýylyny uly üstünlikler bilen jemledi. Şeýle-de daýhanlar bilen hasaplaşyklar özwagtynda geçirildi. Türkmen halkymyzda “çekseň zähmet ýagar rehnet” diýen ata-babalarymyzdan gelýän pähimli sözlerden ugur alyp, zähmetkeşler öz halal zähmetiniň hözürini görýärler. Şu ýyl hem Tejenli pagtaçy kärendeçilerimiz ak altynyň bol hasylyny döwlet harmanlaryna tabşyrdylar. Şonuň ýalyda daýhanlarymyz tarapyndan, 2021-nji ýylda ekinden bol hasyly almak üçin, düýbüni mäkäm tutmak işlerini gyzgalaňly alnyp barylýar.

         Ata-babalarymyzda “Der dökseň, zer öner” diýilen pähim bar. Häzirki wagtda etrabyň çäginde ene ýeri hakyky eýesine bermek üçin uly işler geçirilýär. Diýarymyzda ene toprakdan, bol hasyly almak üçin ekin meýdanlaryny kärendeçilere we mülkdarlara uzak möhletli – 99 ýyllyk ekin ekmäge bermekde, Tejen etrap häkimligi tarapyndan ýörite düzülen meýilnama boýunça işler alnyp barylýar.

Şonuň ýalyda halkymyzda gadymdan gelýän ýeriňi güýz sür, güýz sürmeseň ýüz sür diýen nakyla eýerilip, iň jogapkärli iş bolan ekin meýdanlarynda sürüm işlerini geçirmek agrotehnikanyň talaplaryny doly berjaý edýän, iň tejribeli mehanizatorlara ynanyldy. Olar gündelik tabşyryklaryny ýörite düzülen meýilnama boýunça ýerine ýetirýär.      Bu işe pagtaçy kärendeçileriň hut özleriniň gatnaşdyrylmagy, degişli hünärmenleriň maslahatlarynyň ýerine düşmegi, işiň hiliniň ýokary bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Sürüm traktorlarynyň hem-de gurallarynyň arasynda tehnikalaryň täze tapgyrlarynyň bolmagy kärendeçi daýhany begendirýär.