Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ykdysadyýet ulgamynda ýetilen üstünlikler ✦ ✦ Hytaý diliniň milli usulyýetini kämilleşdirmekde ähmiýeti ✦ ✦ Hytaý dilini okatmakda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny peýdalanmagyň ähmiýeti ✦ ✦ Iňlis dilindäki tehniki adalgalaryň elektron sözlüginiň ähmiýeti ✦ ✦ Edebi eserlerden peýdalanyp çagalara matematiki düşünjäni öwretmek ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasyna iş sapary tamamlandy ✦ ✦ Smart tehnologiýalar: häzirki döwrüň innowasion ösüşiniň esasy ugry ✦ ✦ Türkmenistanyň Bitaraplyk ýyllarynda telekommunikasiýa ulgamlarynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistan we Ýaponiýa ylmy-bilim hyzmatdaşlygyny giňeldýärler ✦ ✦ Çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Täze bilim ojagy döredildi. Ýaşaýjylar diýseň bagtyýar
  05.09.2021
1047
Täze bilim ojagy döredildi. Ýaşaýjylar diýseň bagtyýar

 Tejen etrabynyň “Babadaýhan” geňeşliginde, döwrebap orta mekdebiň işe girizildi. Bu okuw binanyň gurluşygy, dünýä ülüňlerine laýyk gelýän şertde alnyp barlyp, soňky döwrüň gazanan üstünlikleri bilen baýlaşdyrylandyr. Orta mekdep, 640 okuwça niýetlenen bolup, onuň gurluşygy, ýurdumyzda öňde baryjy gurluşyk kärhanalaryň biri bolan, “Ussat inžiner” hususy kärhanasy tarapyndan alnyp baryldy.

Ýurdumyzda orta we ýokary telekeçilere berilýän ýeňilliklerden, “Ussat inžiner” HK-yň gurluşykçylary diýseň şat bolýarlar. Çünki, ýurdumyzda gurmak, döretmek we täze başnagyçlary ýola goýmak ugrunda ähli şertler hem-de mümkinçilikler bar. Bu HK-yň hünärmenleri ýerine ýetirýän işleriniň hiline jogapkär seredýärler we onuň ähmiýetini ilkinjileriň hatarynda görýärler. Kärhana, alyp barýan ähli gurluşyklarynda, ýurdumyzyň ekologiýasyny arassa saklamaklygy uly üns berýär. Bu ugurda olar arassa, ýokary hilli gurluşyk serişdeleridir-enjamlary ulanýarlar.

Mekdebiň okuw otaglary dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň bilim ulgamyna degişli döwrebap ösen tehnologiýalary, kämil sanly enjamlary, kompýuterler, multimediýa we interaktiw tagtalar, gaýry okuw görkezme esbaplary hem-de serişdeleri bilen üpjün edilipdir.

Orta mekdebiň gurluşygy, etrabyň ýaşaýjylarynyň ruhybelenligini özüne çekdi. Esasanda, ýaşaýjylar ösüp gelýän ýaş nesilimiziň geljegi ugurunda alada edilýändiginden hoşal bolup, öz minnetdarlyklarynyň çäksizdigini görkezýärler. Döwrebap orta mekdebiň ulanmaga berilmegi bilen, ol ýerde bagtyýar çagalar talabalaýyk enjamlaşdyrylan okuw otaglarynyň hyzmatyndan peýdalanyp, ähli amatlyklary bolan sport meýdançasynda saglygy berkiderler. Bu zatlaryň ählisi, ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň sagdyn pikirli, berk bedenli we ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin gönükdirilendir.