Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Raşid Meredow Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti bilen gepleşikleri geçirdi ✦ ✦ Kitap — ruhy baýlygyň hazynasy ✦ ✦ Türkmen tebigaty - gözelliginiň nusgasy ✦ ✦ Her penşenbe güni “Ýaşlar güni” bolar! ✦ ✦ 2026-njy ýylyň Oraza aýynda Ahal welaýatynda we Aşgabat, Arkadag şäherlerinde agyz beklenýän we açylýan wagtlar ✦ ✦ Türkmenistan — BAE işewürlik forumy geçiriler ✦ ✦ Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlara döwlet tarapyndan pul sowgatlary gowşurylýar ✦ ✦ Türkmen ýaş tennisçileri Manamada geçirilen sebit ýaryşynda öňdebaryjy oruny eýelediler ✦ ✦ Edebi eserlerden peýdalanyp çagalara matematiki düşünjäni öwretmek ✦ ✦ Bahar - ýaşlygyň we ýaşaýşyň pasly ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Taryhy üstünlik: Aý topragynda ilkinji gezek ösümlik ýetişdirildi
  16.05.2022
856
Taryhy üstünlik: Aý topragynda ilkinji gezek ösümlik ýetişdirildi

Adamzat kosmosda ýaşamak üçin şertler döretmegini dowam edýär. Elbetde, bu ylym üçin şeýle-de gelejek üçin möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Ýakynda, "NASA"-nyň Apollon missiýasy wagtynda, Aýdan kosmonawtlar tarapyndan Ýere getirilen Aý topragy ösümlikler üçin ýaşaýyş çeşmesine öwrülmegi başardy.


 Florida uniwersitetiniň kosmos biology we genetigi Anna Lisa Polyň ýolbaşçylygynda 2021-nji ýylda başlanan iş üstünlikli amala aşyryldy. Alymlar milliardlarça ýyl bäri ýaşaýyş alamaty bolmadyk Aýyň topragynda ownuk ösümlikleri ösdürip ýetişdirmegi başardylar.  Gözleg, geljekde kosmonawtlaryň Aýda öz ýyladyşhanalaryny ösdürip ýetişdirip biljekdigini görkezýär.

"Nature" žurnalynda neşir edilen gözlegiň netijesine görä, gözlegde ulanylýan topraklar “Apollon 11”, “Apollon 12” we “Apollon 17” missiýalary arkaly Ýere getirilen topraklardyr.  Alymlar topraga ýokumly maddalar we suw goşdular, sebäbi bu topraklarda, Ýerdäki topraklardaky ýaly minerallar ýa-da ionlar ýok.

Aý topragyna ekilenden soň, ösümlikler birnäçe wagtlap hünärmenler tarapyndan gözegçilik edildi. Beýleki tarapdan, gözlegde alnan netijeler Aý topragynda ösümlikleriň ösmeginiň gaty kyndygyny görkezdi. Aý topragynda ösümlikleriň ösüşiniň haýaldygyny we köpüsiniň stres morfologiýasyny görkezýändigi geçirilen tejribede anyklanyldy. Şeýle-de bolsa, Aý topragynda ösdürilen ösümlikleriň hemmesi Ýeriň topragyndaky ösümlikler ýaly gurluşa eýe boldy.

Süleýman REJEPOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.