Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Suw ynsan ogluna berlen iň uly nygmatdyr
  27.08.2021
354
Suw ynsan ogluna berlen iň uly nygmatdyr

Ynsan ogly suwuň barlygyna şeýle bir öwrenişendir, hatda ýaşaýşy suwsuz göz öňüne getirmek asla mümkin hem däldir. Suw dünýädäki ähli janly-jandarlar üçin möhüm zerurlykdyr. Ýer ýüzünde ýaşaýşyň dowam etmegi üçin gerek bolan ähli şertler suw arkaly emele gelýär. Adam açlyga çydap biler, emma ýekeje gün suwsuzlyga çydap bilmez. Şu hakykat hem bize suwuň ähmiýetiniň näderejededigini aýdyň görkezýär.

Suw tebigatda giňden ýaýran himiki madda bolup, ol ýer ýüzüniň 71%-ni gurşap alýar. Onuň esasy mukdary ummanlarda, deňizlerde, derýalarda, köllerde, howdanlarda, ýerasty çeşmelerde jemlenendir. Suw reňksiz, yssyz, tagamsyz, şeýle hem ähli ýerde duş gelýän himiki gurluşdyr.  

Suw ýer ýüzündäki iň täsin himiki maddadyr. Häzirki wagtda älem giňişligindäki beýleki planetalarda suwuň barlygy ýa-da ýoklugy bu günki gün ylmyň öňünde duran örän wajyp we gyzyklandyryjy meseleleriň biridir. Eger-de şol ýerlerde hem suw bar bolan ýagdaýynda, onda ol planetalarda ýaşaýşyň döremeginiň mümkindigi çaklanylýar.

Hakykatdan-da, suw ynsan ogluna berlen iň uly nygmatdyr. Onuň gurluşy bolsa has hem täsindir. Biziň ählimiz suwuň düzümi diýleninde, himiýa dersinde öwrenen H2O birleşmesini ýada salýarys.   

Suwuň bugarmagy netijesinde bug, duman emele gelýär. Bug asmana göterilýär, şeýlelikde, ähli atmosfera hadysalaryna we klimata öz täsirini ýetirýär. Adamlaryň derlemegi bilen hem olaryň bedenindäki suwuň belli bir mukdary daşyna çykýar. Şonuň bilen bir wagtyň özünde bolsa bedenimizde toplanan zyýanly duzlar der arkaly daşyna zyňylýar.

Ýagyş, gar, şeýle hem şaglawuklaryň suwlarynyň ynsan saglygy üçin çäksiz peýdasy bardyr.

Ynsan bedeniniň üçden iki bölegini suw emele getirýär. Beýnimiziň 95%-ini, ganymyzyň 82%-ini, öýkenimiziň 90%-ini suw emele getirýär. Bedenimizdäki suwuň mukdary 2% kemelen ýagdaýynda, bedenimiz üçin örän howply bolan wodorodyň parçalanma hadysasy bolup geçýär. Bu bolsa ýatkeşligiň, görşüň pese gaçmagy ýaly birnäçe howply kesellere ýol açýar. Suw bolmadyk ýagdaýynda bedenimiziň işleýiş kuwwaty pese gaçýar. Umuman aýdylanda, ähli öýjükleriň we dokumalaryň ýaşaýşy suwa baglydyr. Ýeterlik mukdarda suw içmeklik birnäçe keselleriň öňüni alýar. Ynsan bedeninde ortaça 42 litr suw bardyr. Onuň 2,7 litriniň kemelmegi dürli oňaýsyz hadysalara alyp barýar.

Suw ynsan bedenini nemlendiriji maddadyr. Suw agyz boşlugynda tüýküligiň esasyny emele getirýär. Suw bogunlarda goraýjy suwuklyk hyzmatyny amala aşyrýar. Suw bedenimiziň gyzgynlygyny kadalaşdyrýar. Bu ýagdaý derlemek bilen amala aşyrylýar. Suw bedenimizdäki metabolizmi (dolanyşygy) kadalaşdyrýar. Bu bolsa iýmitiň bedenimize deň derejede ýaýramagynda esasy zatlaryň biridir.