logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Kambojanyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi ✦ ✦ Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy bellenildi ✦ ✦ Ýeňiş güni mynasybetli weteranlar sylaglandy ✦ ✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦
Home / Nature /Suw ösümligi – azolla
  03.01.2023
1171
Suw ösümligi – azolla

Azolla suw ösümligi bolup, ol özüniň biomassasynda azody köp toplaýar. Suw paporotnigi Amerika yklymynyň tropiki we subtropiki sebitlerinden gelip çykandyr. Ol suwuň ýüzünde ösýär, esasan hem wegatatiw usul arkaly köpelýär. Onuň baldagynyň gapdal ösüntgileri pyntyklary emele getirýär we şahalanýar. Özünde azody köp toplaýanlygy üçin, ony fitodökün, gymmatly iýmitlik, suwlary arassalamakda ulanmaklyga şert döredýär. Azolla akwariumlarda hem köp peýdalanylýar. Ýurdumyzyň şertlerinde azolla ösümliginiň biologiki we ekologiki aýratynlyklary yzygider öwrenilýär, türkmen alymlary tarapyndan azollany ösdürip ýetişdirmegiň netijeli usuly hem işlenip taýýarlanyldy. Çünki azolla ösümligi milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan oba hojalygynda hem geljegi uly bolan ösümlikdir. Oba hojalyk ekinleri ösdürilip ýetişdirilende azollanyň biomassasynyň täsiri uludyr. Ösümligiň biomassasy suwly-batgalykly ýerleriň biodürlilik mümkinçiligini ýokarlandyrmak bilen, suwda ýüzýän aw guşlary üçin azyklyk hökmünde we suwuň töwereginde ýaşaýan guşlaryň gyşlamagy üçin şertleri döretmekde ýaramlydyr. Azolla gök ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrýan ekologiki taýdan arassa biodökündir. Onuň biomassasynyň şalyçylykda hem ulanylmagy gowy netije berýär. Ol şalynyň hasyllylygyny, azot dökünini ulanmazdan 20-25% ýokarlandyrýar. Azollanyň biomassasyny belok-witamin we mineral goşundysy hökmünde balykçylykda hem ulanyp bolar. Azolla özüniň ýokumly maddalarynyň düzümi boýunça suw we ýerüsti iýmitlik ösümlikleriň köpüsinden ýokary gelýär. Onuň gury biomassasynda karotin, protein, ýag, gury kül, öýjükler, kalsiý, fosfor bardyr. Şeýle-de ol oba hojalygynda  ulanylan suwlary arassalamakda ekologiki taýdan arassa serişdedir. Azolla arkaly arassalanan suwy tehniki maksatlar üçin ulanmak bolýar. Ýata suwlarda ony ekmeklik suwy kislorod bilen baýlaşdyrýar, organiki we mineral maddalardan, kesel dörediji bedenjiklerden arassalaýar. 

 

Soltanjemal HUDAÝBERDIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.