logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Suratkeşleriň bäsleşigi
  23.05.2022
1715
Suratkeşleriň bäsleşigi

         Häzirki wagtda ýurdumyzda türkmen ýaşlarynyň döwrebap bilim we terbiýe almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň, Sarahs etrap Bilim bölüminiň bilelikde gurnamaklarynda etrabymyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda ýaşlaryň döredijilik ukybyny ýokarlandyrmak maksady bilen döredijilik bäsleşigi geçirildi. Oňa etrabyň mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda surat çekmek bilen meşgullanýan okuwçy oglan-gyzlaryň birnäçesi gatnaşdylar. Döredijilik bäsleşiginiň düzgünnamasyna laýyklykda oňa gatnaşan ýaş suratkeşler özleriniň hödürlän işlerinde ata Watanymyzyň parahatçylyga beslenýän Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan ösüşleri, toý baýramlary, Ak şäherimizň Aşgabadyň pajarlap ösüşi aýdyň şöhlelendirilýär. Bäsleşige hödürlenen işleriň ählisi eminler toparynyň garamagynda seljerme işleri geçirilip olaryň arasyndan has tapawutlanan işler saýlanyp alyndy. Has takygy, bäsleşige gatnaşan ýaş suratkeşleriň has tapawutlananlaryna baýrakly orunlar  kesgitlenildi. Bäsleşikde Sarahs etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň okuwçysy Ogulsenem Mämmetnurowa, etrabyň 19-njy orta mekdebiň okuwçysy Selim Şöhradow, 15-nji orta mekdebiň okuwçysy Gülçemen Amanmyradowa dagylar has tapawutlanyp baýrakly orunlara mynasyp boldular.