Türkmen nakgaşy we grafikaçysy Daňatar Çaryýewiň uly göwrümli döredijiligi döwrüň täze pikirlerini we ýörelgelerini özünde jemläp, şekile täze realistik jähtden seretmegiň aýratynlyklaryny ýüze çykarýar. Onuň sungat eserleri tebigatdaky ýaşaýyş sazlaşygy bilen çuňňur şahyranalygy oňyn utgaşdyryp, şol bir wagtyň özünde-de dünýäniň gözelligini hakykatçyl suratlandyrýar. Döredijilik ýolunyň dürli tapgyrlarynda suratkeş inçe hünär ussatlygyny açyp görkezýän ençeme nakgaş we grafika eserlerini döretdi. Ol yzygiderli naturadan işlemek bilen, şol pursatda we şol ýerde bar bolan janly keşbi maksadalaýyk kendiriň ýüzünde şekillendirýär. Görýän tebigy görnüşine hemmetaraplaýyn syn etmek bilen, ol her bir eserine gaýtalanmajak äheňleri çaýýar. Daňatar Çaryýew uzak ýyllyk döredijilik ýolunyň dowamynda döreden sungat eserleri türkmen sungatyna goşýan mynasyp goşandy üçin “Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri” diýen hormatly ada mynasyp boldy.
Daňatar Çaryýewiň döredijiligini düzýän aglaba eserler sungatyň peýzaž žanryna bagyşlanýar. Milli peýzaž mekdebi suratkeşi nakgaşlyk serişdeleriniň, aýratyn hem türkmen tebigaty üçin mahsus bolan ýaşyl, goňur, mawymtyl-gök, sary reňkleriň üsti bilen ýerli gurşawyň häsiýetli aýratynlyklaryny ýüze çykarmagy öwretdi. Şular ýaly eserlerde suratkeşiň realistik akymyň däplerine aýratyn ähmiýet berýändigini duýmak bolýar. Onuň döredijilik eserlerinde Köpetdagyň, Köýtendagyň, Garrygalanyň we Hazar deňziniň ajaýyp görnüşlerini tanamak bolýar. Ýokary çeperçilikli peýzažlary bilen meşhurlyk gazanan Daňatar Çaryýewi görnükli türkmen peýzažçylarynyň biri hökmünde bellemek bolar. Çünki suratkeşiň ähli peýzaž eserlerinde onuň daşky gurşawy, ýurdumyzyň üýtgäp durýan howa şertleri bilen ýakyndan tanyşlygyny aňmak bolýar. Onuň gözel tebigatymyzy wasp edýän peýzaž işlerinde suratkeşiň Watanyna bolan çäksiz söýgüsi jemlenýär.
Daňatar Çaryýewiň 2014-nji ýylda naturadan ýerine ýetiren “Gijeki gözellik” atly şäher peýzažy şekillendiriş sungatynda reňkleri täze jähtden görüş aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Onda Aşgabat şäherinde Magtymguly şaýolunyň ugrundaky şäher görnüşiniň ýagyşly gijeki pursady şekillendirilýär. Ýazylyş usuly boýunça bu eser suratkeşiň beýleki peýzažlaryndan tapawutlanýar, ol iri reňk çalnan zolaklaryny ulanyp, gözi bilen gören ähli gözelligini kendire geçirýär. Eser tutuşlygyna salkynlyga we ýeňiljek şemal öwüsginine gaplanypdyr. Şäheriň hysyrdyly köçesi mawy asman bilen bürelýär. Şekillendirilen şäher peýzažy goýy hem tutuksy reňkler bilen ýerine ýetirilse-de, sussuňy basmaýar. Agşamara ýanyp duran yşyklaryň ýalpyldysy, ulaglaryň we ýol yşygyň ýagtylygy tomaşaçyda ýagty täsirleri galdyrýar we ony ýagty bilen kölegäniň hyýaly dünýäsine alyp barýar. Eserdäki ýagty yşyklar açyk ýaşyl, ýiti sary, mämişi, ýumşak gyzyl reňkleriň oýny esasynda düzülýär. Şeýle reňkleriň köplügi şäheriň gaýnap joşýan durmuşyndan nyşandyr. Ýagtylyk bilen ýylylygy şöhlelendirýän, inçeden işlenen çotganyň yzlary tomaşaça çäksiz lezzet berýär.
Suratkeş “Bahar” (2016 ý.) atly eserini döredip, onda Köpetdagyň ýaz paslyndaky ajaýyp görnüşi açylyp görkezilýär. Peýzaž tebigatyň janlanýan pursadyny – gyş ukusyndan oýanyp, bahar paslyna geçiş döwrüni şöhlelendirýär. D. Çaryýew bu eserinde ençeme böleklerden düzülen tebigat gurşawyny takyklyk bilen suratlandyrmagy başarypdyr. Taslamanyň birinji meýilnamasynda ýabany ösýän güller: gülälekler, tozgajyklar we beýleki gök otlar öňe çykýar. Olar aňrybaşy nepislik bilen çekilipdir. Emma taslamanyň esasy nokady ýedi-sekiz sany at sürüsini özünde jemleýän meýdan bolup durýar. Olar giň ýaýlada ter gülläp oturan ýaşyl maýsalary otlaýarlar. At sürüsiniň arkasynda äpet Köpetdag gaýalary kem-kemden belende galýar. Dag gerişleriniň çäksiz beýiklgi asman giňişligine çenli baryp ýetiýär. Çalymtyl-mawy asman öz gezeginde arassa bulutlar bilen örtülipdir. Eger taslamanyň birinji meýilnamasy ýyly hem ýagty öwüşginlerde çözülen bolsa, yzky meýilnamasy barha goýalýar. Suratkeş göni perspektiwanyň kadalaryna laýyklykda, reňk gatnaşygynyň ähli aýratynlyklaryny ýerlikli ulanmagy başarýar.
Ussat nakgaş häzirki wagtda döwür bilen aýakdaş zähmet çekýän maksadaokgunly döredijilik şahsyýeti hökmünde tanalýar. Ol dürli temalar boýunça gyzykly hem täsirli eserleri döredip, türkmen sungatynyň çeperçilik goruny baýlaşdyrmaklyga öz mynasyp goşandyny goşýar. Mundan başga-da, suratkeşiň eserleri Türkmenistanda, Russiýa Federasiýasynda we Özbegistanda köpsanly şahsy ýygyndylarda saklanýar. Suratkeşiň döreden eserlerini synlanyňda, adatdan daşary güýç, bagtly duýgular, şähdaçyklyk kalbyňy gaplap alýar. Suratkeşiň döreden işleri çylşyrymly bolman, eýsem, sadalygy we her bir tomaşaça düşnükliligi bilen tapawutlanýar. Hut şonuň üçin hem Daňatar Çaryýewiň döredijiligi wajyp ähmiýetli hem-de çäksiz gymmatly hasaplanýar.
Jeren BALTAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy,
Aýjemal SAPARGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
5-nji ýyl talyby.