Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Saglyk üçin peýdaly maslahatlar ✦ ✦ Ýurdumyzyň gury ýük gämileriniň sany artar ✦ ✦ Kiberhowpsuzlygyň aýratynlyklary ✦ ✦ Akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň ýeňijileri belli boldy! ✦ ✦ Tejen etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşleriň açary ✦ ✦ Tejen etrabynda “Akyldaryň şahyrana dünýäsi” atly bäsleşik geçirildi ✦ ✦ Täsirli geçen duşuşyk ✦ ✦ Gahryman gerçekleriň hormatlap! ✦ ✦ Aýdym-saz – ähli nesilleriň göwün ganaty ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Söwda
  23.10.2019
455
Söwda

     Bedew bady bilen öňe barýan ýurdymyzda, Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda, bagtyýar ülkämizde ähli ugurlary ösdürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Şol sanda ýurdymyzda söwda gatnaşyklaryny, hususy telekeçiligi ösdürmekde hem uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagy bilen söwda dolanşygyny hem-de içerki bazar dolanşygyny ösdürmäge ähli mümkinçilikler döredilen. Halkymyzyň isleglerini kanagatlandyrýan ýokary hilli önümleri öndürýän hususy kärhanalaryň sany barha artýar. Muňa mysal edip ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän “Aý-aýdyň” hususy kärhanasyny aýtmak bolar. “Aý-aýdyň hususy kärhanasynyň agzybir işgärleriniň ýadowsyz zähmet çekmekleriniň netijesinde türkmen toýlarynyň giň desserhanalaryny bezeýän ýokary hilli süýji önümlerini hem-de mekgejöwen kukruzy öndürilýär. Kärhanada hilli taýdan ýokary, bu önümleriniň günlik öndürilýän mukdary 300 kg barabardyr.

      Telekeçiligiň ösmegi netijesinde ýurdymyzyň içerki söwda dolanşygy has hem kämilleşýär. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän “Türkmen şöhle” hojalyk jemgyýetiniň öndürýän hojalyk harytlary kärhanasy hem ýokary depginde öňe barýar. Kärhanada politilen we polipropilen önümlerini ösdürmek üçin dört sany bölüm işleýär. Kärhanada ýylda polipropileniň 200 müň politileniň 3 müň tonnasyndan gowyragyny täzeden işlenip hojalyk üçin zerur bolan hojalyk harytlarynyň dürli görnüşleri öndürilýär.

     Ýurdumyzyň dürli künjekleriniň, paýtagtymyz Aşgabadyň uly-kiçi söwda merkezlerini bezeýän doňdurma we süýt önümlerini öndürýän “Täze aý” hususy kärhanasynyň hem öndürýän ýokary hilli önümlerine halkymyz tarapyndan uly islegler bildirilýär. Çagalaryň küýsegi bolan datly doňdurmalaryň 30-dan gowyrak görnüşini öndürýän “Täze aý” hususy kärhanasy 2004-nji ýylda döredilip häzirki wagta çenli kärhanada ussat hünärmenleriň 250-den gowyragy öndürijilikli zähmet çekýärler. Milli baýramlarymyzyň toý saçaklarynyň bezegi bolan süýt önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmekde ýokary netijä eýe bolan bu kärhananyň ekologik taýdan arassa we tagamly süýt önümlerini halkymyz tarapyndan uly islegler bilen kabul edilýär. “Täze aý” hususy kärhanasynyň “Täsinlik”, “Galkynyş”, “Ak dere”, “Ýüpek ýoly”, “Meleguş”, “Dur bakaly” ýaly şokolatly, içi maňyzly we şuňa meňzeş datly önümlerden taýýarlanýan doňdurmaly uly isleg bilen alynýar.

     Türkmen telekeçileri Hormatly Prezidentimiziň söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde durmuşa geçirýän we döredip berýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp irginsiz zähmet çekýärler. Bu bolsa ýurdumyzyň  ösmegine özüniň saldamly goşandyny goşýar.

     “Döwlet adam üçindir diýen şygary öňe tutyp mähriban halkymyz üçin ýaşamaga, döretmäge, gurmaga ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag ömri uzak bolsun. Il ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!