logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Soňky ýyllarda äýnek dakynýan çagalaryň sany gitdigiçe köpelýär
  10.10.2022
1088
Soňky ýyllarda äýnek dakynýan çagalaryň sany gitdigiçe köpelýär

Singapuryň Milli Göz Merkeziniň (SNEC) hünärmenleriniň aýtmagyna görä, soňky 20 ýyl bäri äýnek dakynýan çagalaryň sany örän köpeldi. Bu global saglyk meselesine öwrüldi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda äýnek dakynýan çagalaryň sany 40 göterim ýokarlandy.  Bu ýagdaý Angliýa, Günorta Koreýa, Taýwan we Hytaý ýaly döwletlerde hem ýokary. Hünärmenler bu ýagdaýyň sebäbini ösen tehnologiýa (telefonlar, telewizorlar) bilen düşündirýärler.

Singapuryň Milli Göz Merkeziniň (SNEC) hünärmenleri, bu global saglyk meselesiniň gysga wagtda çözülmegi ugrynda birnäçe tagallalary edýärler.