logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Health /Sogan gabygy peýdalymyka?!
  21.01.2023
4096
Sogan gabygy peýdalymyka?!

Gündelik durmuşda azyklyk hem-de dermanlyk serişdesi hökmünde soganyň ýa-da sogan suwunyň ulanylyşy hemmä mälimdir. Islendik tagamy, nahary ýa-da işdäaçarlaryň ençeme görnüşini sogansyz göz öňüne getirmek mümkin däl bolsa gerek. Emma täsin ýeri, soganyň içki böleginiň peýdaly bolşy ýaly, onuň gabygynyň hem peýdaly aýratynlyklary köpdür.

Geçirilen ylmy gözlegler, sogan gabygynyň süýüme, antioksidantlara we flawonoidlere baýdygyny görkezdi. Şeýle hem ol deri üçin örän peýdalydyr. Sogan gabygynyň kömegi bilen bedeni birnäçe kesellerden gorap boljakdygy ylmy taýdan subut edildi. Olaryň arasynda ýürek keseli, aşa semizlik, içegäniň düwnük keseli, iýmit siňdiriş synalarynyň keselleri we süýji keseli bar. Mundan başga-da, sogan gabygynyň kömegi bilen dürli görnüşli düwürtikleriň, ýaralaryň bejergisini çaltlandyryp, deri keselleriniň öňüni alyp bolar. Sogan gabygyny kiçi göwrümli kesikleri we ýaralary bejermek üçin hem ulanyp bolar. Sogan gabygynda B, C, E we PP witaminleri, karotin, demir, kaliý, fitonsidler we kalsiý bar. Bu önüm ýüregiň, gandaky şekeriň, gan basyşynyň işini kadalaşdyrýar. Holesteriniň ýokarlanmagynyň, rak keseliniň döremeginiň öňüni alýar, immunitet ulgamyny güýçlendirýär. Şeýle-de ol antioksidant häsiýete eýe bolup, öýjükleriň garramagyny haýalladýar. Şeýle hem sogan gabygyndan taýýarlanylýan çaý ynsan saglygy üçin örän ýaramly maddalara baý bolup, ol bedeniň immun ulgamyny berkidýär, dürli kesellerden goraýar. Onuň ýokumlylygy: 

- kaloriýalygy 41 kkal,
- beloklar 1,4 gram; 
- ýaglar 0.2 gram; 
- uglewodlar 8,2 gr;
- 100 gr üçin iýmit bahasy hem ýokarydyr.
 

Ýeri gelende belläp geçsek, soganyň iň gadymy görnüşleri b.e.öň 3200-2700-nji ýyllara degişlidir. Ol Gündogar ýurtlarynda, Gadymy Gresiýada, Rim imperiýasynda, Gadymy Müsürde meşhur bolup, muňa ýazmaça taryhy çeşmeler we arheologiki tapyndylar şaýatlyk edýär.  

 

Gözel HAÝTGULYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.