Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban ýurdumyzda giň gerimli maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ata Watanymyzyň syýasy-ykdysady, medeni, durmuş taýdan ösüşini ýokary depginde üpjün etmek, eziz raýatlarymyzyň ýaşaýyş derejesini yzygiderli gowulandyrmak, ýaş nesilleriň nurana geljegini üpjün etmek milli maksatnamalarymyzyň möhüm wezipesidir. Mälim bolşy ýaly, eziz Watanymyz Türkmenistan döredýän we gurýan kuwwatly döwletdir. Ýurdumyzyň gurluşyk pudagy üstünlikli durmuşa geçirilýän ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda gurlup ulanmaga berilýän dürli maksatly desgalar ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýan Watanymyzyň barha artýan ykdysady kuwwatynyň aýdyň subutnamasydyr. Täze taryhy döwrümizde eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde iri möçberli şähergurluşyk taslamalary netijeli amala aşyrylýar. Häzirki wagtda gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde ilatymyz üçin ähli amatlyklaryň göz öňünde tutulmagy, yhlasly işlemegi, okamagy, göwnejaý dynç almagy, sport hem döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleriň üpjün edilmegi ýurdumyzda adam hakyndaky aladanyň ileri tutulýandygyny äşgär edýär. Ajaýyp Köpetdagyň eteginde bina edilýän Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi Türkmenistandaky ilkinji «akylly» şäherdir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we taýsyz tagallalary bilen sebitde iň iri taslamalaryň biri bolan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň taslamasyny amala aşyrmak boýunça onuň birinji tapgyrynda 336 sany binanyň we desganyň, şol sanda ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň, dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün ediljek çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, hassahanalaryň, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, edara binalarynyň, inženerçilik ulgamlarynyň we beýleki möhüm ähmiýetli desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Merkezde «ýaşyl» tehnologiýalar hem giňden ulanylyp, sanly tehnologiýalar, intellektual ulgamlar ornaşdyrylýar. Şäherde ekologik taýdan arassa ulaglar bolan elektrobuslar, elektromobilleriň hereketi ýola goýlar. Onuň üçin ýörite niýetlenen «akylly» awtoduralgalar hem göz öňünde tutulan. Yşyklandyryş ulgamy Gün we ýel batareýalary arkaly üpjün ediler. Ajaýyp binagärlik sungatyny özünde jemleýän bu täze, döwrebap edara ediş merkezi ähli görkezijiler babatda nusgalyk şäher hökmünde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny bütin dünýä äşgär edýän, iň häzirki zaman şäheriň ajaýyp nusgasydyr.
Bäşim ÖWEZOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.